Bi­lim ul­ga­myn­da öw­re­ni­ji­le­ri (ta­lyp­lar we diň­leý­ji­ler) okat­mak­da esa­sy üç usul ýör­gün­li ha­sap­lan­ýar. Olar pas­siw, ak­tiw we in­te­rak­tiw usul­la­ry­dyr. In­te­rak­tiw sö­zi iň­lis di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «in­ter» – ara we «act» – he­re­ket di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Ýag­ny, in­te­rak­tiw usu­ly mu­gal­lym bi­len ta­lyp­la­ryň hem-de ta­lyp­la­ryň öz ara­syn­da mag­lu­mat­la­ryň we pi­kir­le­riň er­kin aly­ş­mak­ly­gy­na aý­dyl­ýar. In­te­rak­tiw usul­da bi­lim ber­mek­li­giň mo­dul gör­nü­şin­de bol­ma­gy bi­len, dur­muş­da duş gel­ýän ýag­daý­la­ry, iş tej­ri­be­si bi­len bag­ly oýun­la­ry we to­par­la­ýyn me­se­le­le­ri çöz­mek ýa­ly iş­ler jem­len­ýär. Mo­dul gör­nü­şin­de bi­lim ber­mek­li­giň esa­sy­ny az san­ly ta­lyp­lar­dan yba­rat to­par­lar düz­ýär. In­te­rak­tiw usu­lyn­da köp ha­lat­lar­da wi­deo we au­dio mag­lu­mat­lar peý­da­la­nyl­ýar. ABŞ-nyň Meri­lend şta­ty­nyň mil­li tre­ning mer­ke­zi­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ta­lyp­la­ra be­ril­ýän bi­lim­le­riň öz­leş­di­riş de­re­je­si gö­te­rim gat­na­şy­gyn­da sel­je­ril­ýär. Al­nan bar­lag­lar bo­ýun­ça umu­my okuw­la­ryň 5 göterimi, oka­ma­gyň 10 göterimi, wi­deo we au­dio mag­lu­mat­la­ryň 20 göterimi öz­leş­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Diý­mek, okuw sa­pak­la­ryn­da wi­deo we au­dio mag­lu­mat­la­ry peý­da­la­nyl­sa öw­re­ni­ji­ler­de öz­leş­di­riş de­re­je­si hem art­ýar.
In­te­rak­tiw usul­da bi­lim ber­mek bi­len bir­nä­çe şert­le­riň ýe­ri­ne ýetiril­me­gi ze­rur­dyr. Bi­rin­ji­den, sa­pa­ga äh­li öw­re­ni­ji­le­riň gat­naş­ma­gy, ýag­ny äh­li ta­lyp­lar­da gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän teh­no­lo­gi­ýa­ny peý­da­lan­ma­ly. Ikin­ji­den, ta­lyp­la­ryň psi­ho­lo­gi­ki taý­ýar­ly­gy­ny ha­sa­ba al­ma­ly. Bu ýer­de ta­lyp­la­ryň sa­pa­ga gat­naş­ma­ga taý­ýar­lyk de­re­je­si ba­ra­da aý­dyl­ýar. Onuň üçin sa­pa­ga baş­la­maz­dan öň ge­çi­len sa­pak­lar bo­ýun­ça ýö­ne­keý so­rag­lar bi­len gy­zyk­lan­dyr­ma­ly we ba­ha­lan­dyr­ma­ly. Ne­ti­je­de, ta­ly­byň de­giş­li sa­pak bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma­sy dö­re­ýär we özü­niň bi­lim de­re­je­si­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça hö­we­si ke­ma­la gel­ýär. Üçün­ji­den, to­par­lar­da­ky ta­lyp­la­ryň sa­ny 25-den köp bol­ma­ly däl. Se­bä­bi öw­reni­ji­le­riň sa­ny bi­li­miň hi­li bi­len berk bag­ly­dyr. Dör­dün­ji­den, okuw ota­gy ta­lyp­la­ryň er­kin he­re­ket et­me­gi üçin amat­ly we de­giş­li ders bo­ýun­ça çyz­gy­lar, gör­kez­me es­bap­lar bi­len gur­na­lan bol­ma­ly. Bä­şin­ji­den, äh­li edil­jek iş­ler yzy­gi­derli­li­gi we wag­ty kes­git­le­nen bol­ma­gy. Al­tyn­jy­dan, söh­bet­deş­lik sa­pa­gy­na ta­lyp­la­ryň gy­zyk­lan­ma bi­len gat­na­şyk de­re­je­si­ne üns ber­me­li. Il­kin­ji söh­bet­deş­lik sa­pak­lar­da meý­le­tin çy­kyş et­jek ta­lyp­la­ry diň­le­me­li, soň­ky söh­bet­deş­lik sa­pa­k­lar­da is­len­dik bir ta­lyp­dan so­ra­mak mak­sa­dala­ýyk ha­sap­la­n­ýar.
Okat­ma­gyň in­te­rak­tiw usu­ly okuw­la­ryň we sa­pak­la­ry äh­li gör­nüş­le­rin­de ula­ny­lyp bi­lin­ýär. My­sal üçin: umu­my okuw­lar­da: umu­my oku­wyň bi­nar (iki mu­gal­ly­myň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär) gör­nü­şi, umu­my oku­wyň wi­deo gör­nü­şi, umu­my oku­wyň press-kon­fe­ren­si­ýa gör­nü­şi, te­ge­lek stol, keýs-usu­ly, in­terw­ýu, ta­lyp­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin ýö­ri­te oýun­lar we baş­ga­lar de­giş­li. Söh­bet­deş­lik sa­pak­la­ry­na: we­bi­nar, on­laýn-söh­bet­deş­lik, kol­lok­wi­um, port­fo­lio usu­ly, «Beý­nä hü­jüm et­mek» usu­ly we baş­ga­lar de­giş­li. Ama­ly sa­pak­la­ra: wir­tu­al mas­la­hat­lar, to­par­la­ýyn çe­kiş­me, «Agaç­ly çöz­güt» usu­ly we baş­ga­lar de­giş­li. Tej­ri­be sa­pa­k­la­ra: «micro­worlds» (mik­ro­dün­ýä), imi­ta­si­ýa oýun­lar, la­bo­ra­to­ri­ýa we tür­gen­leş­di­ri­ji se­riş­de­le­rin­de ge­çil­ýän sa­pak­lar de­giş­li.
Okat­ma­gyň döw­re­bap in­te­rak­tiw usu­lyn­da mu­gal­ly­myň we­zi­pe­si düýp­gö­ter üýt­ge­ýär. Sa­pak ýol­baş­çy­sy esa­sy mag­lu­mat ber­ýän şahs bol­man, ge­rek­li bi­lim­le­ri al­ma­ga gö­nük­dir­ýän we saz­la­ýan gu­ra­ma­çy bo­lup öňe çyk­ýar. Sa­pa­gyň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, wa­jyp so­rag­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. In­te­raktiw usu­lyn­da sa­pa­gyň ge­çi­ri­liş gör­nüş­le­ri­niň ne­ti­je­li bol­ma­gy bi­len öw­re­ni­ji­ler özü­niň gel­jek­ki hü­när işi bo­ýun­ça ama­ly en­dik­le­ri­ni, ba­şar­nyk­la­ry­ny we tä­ze tej­ri­be­le­ri ga­zan­ýar­lar. Bu bol­sa okat­ma­gyň de­giş­li usu­ly­nyň mö­hümdi­gi­ni kes­git­le­ýär.

Tir­kiş Baý­ra­mow,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.