Teh­no­lo­gi­ýa­nyň çalt dep­gin­de ös­ýän döw­rün­de iş, dur­muş ala­da­la­ry bi­len, kä­te özü­miz üçin wagt hem gal­ma­ýar. Ýa­daw­lyk­lar, dart­gyn­ly ýag­daý­lar we sus­su­pes­lik du­ra-ba­ra ada­my eýe­läp, hö­we­si­ňi ga­çyr­ýar. Hü­när­men­ler iş, dur­muş ala­da­la­ry­nyň köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, özüň üçin wagt aýyr­ma­ly­dy­gy­ny we iň ha­la­ýan güý­men­jäň bi­len meş­gul­lan­ma­ly­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Her ki­miň özü­ne ýa­kyn gyzyklanýan zady bar. Kim ki­tap oka­ma­gy ha­la­ýan bol­sa, kim ka­ro­ke­de aý­dym aýt­ma­gy go­wy gör­ýär. Kim se­net­çi­lik gu­ral­la­ry­ny ýa­sap dynç al­ýan bol­sa, kim jan­ly-jan­dar­la­ra ideg et­me­gi ha­la­ýar. Umu­man, her bir ada­myň hök­ma­ny ýag­daý­da öz gyzyklanmasy bo­laý­ma­ly. Hep­de­de azyn­dan bir ge­zek öz ha­la­ýan güý­men­jäň bi­len meş­gul­lan­mak akyl we be­den sag­ly­gy üçin wa­jyp bo­lup dur­ýar.

Güýmenjäniň peý­da­sy?
Güýmenje aňy kö­şeş­dir­ýär, ala­da­lar­dan daş­laş­ma­ga, pi­ki­rle­ri jem­le­mä­ge we kel­lä­ni dur­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Göw­nü­ňe ýa­ra­ýan güýmenjäň bi­len meş­gul­lan­mak ada­ma şat­lyk ge­ti­rip, dur­mu­şa bo­lan söý­gi­ňi art­dyr­ýar. Wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mä­ge, tä­ze zat­la­ry öw­ren­mä­ge iter­gi ber­ýär.
Stres adam­da köp kyn­çy­lyk­la­ry dö­re­dip, la­bi­rint ýa­ly bi­ri-bi­ri­ne sep­le­şip gi­di­ber­ýär. Hü­när­men­ler dart­gyn­ly pur­sat­la­ry baş­dan ge­çir­ýän adam­la­ra köp zat­dan daş­la­şyp, özü­ne ýa­kyn bo­lan pi­şe bi­len meş­gul­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.
Ha­la­ýan güý­men­jäň bi­len meş­gul­lan­mak özü­ňe bo­lan yna­my art­dy­ryp, tä­ze zat­la­ry öw­ren­mek we oý­lap ta­pyş­la­ry ös­dür­mek en­dik­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýar.
Güýmenje adam­la­ryň ara­syn­da öza­ra bag­la­ny­şy­gy ös­dü­rip, bi­rek-bire­ge bo­lan söý­gi­ni we yna­my dö­red­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny je­bis­leş­di­rip, ag­zy­bir­li­gi, bi­rek-bi­re­ge kö­mek et­mek en­dik­le­ri­ni dö­red­ýär.
Hü­när­men­ler güýmenjäni duý­gu­la­ryň luk­ma­ny hök­mün­de su­rat­lan­dyr­ýar­lar. Ha­la­ýan pişäňe wagt aýyr­mak duý­gy taý­dan özü­ňi dür­se­mä­ge we ra­hat­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Güýmenje ada­myň dö­re­di­ji­lik işi­ni ös­dür­ýär, tä­ze pi­kir­le­ri döredip, kyn­çy­lyk­la­ry, me­se­lä­ni aň­sat­lyk bilen çöz­me­giň ýo­lu­ny tap­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
At mün­mek, saz çal­mak, su­rat çek­mek, şä­here aý­lan­mak, ki­tap oka­mak, dil öw­ren­mek, ki­no gör­mek, se­net bi­len meş­gul­lan­mak, kol­lek­si­ýa ýyg­na­mak, ösüm­lik­le­re we jan­ly-jan­dar­la­ra ideg et­mek dün­ýä­niň iň meş­hur güýmenjeleri ha­sap­lan­ýar.