Şu gün, 5-nji noýabrda ABŞ-da Prezident saýlawlary geçirilýär. Bu syýasy çärä dünýä jemgyýetçiligi çynlakaý gyzyklanma bildirýär. Amerikada döwletiň iň ýokary derejeli ýolbaşçysy dört ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Adatça, Prezidentler bu wezipäni yzly-yzyna iki möhlete ýerine ýetirenden soňra, üçünji möhlete dalaşgär bolmaýarlar. Soňky hepdelerde geçirilen pikir soralyşyklarda esasy iki dalaşgäriň – Demokrat partiýadan Kamala Harrisiň hem-de Respublikan partiýadan Donald Trampyň deňeçer ses aljakdygy ýüze çykaryldy. Bu bolsa, dalaşgärleriň gazanan sesleriniň bir-birine has golaý boljakdygyny aňladýar.
Ses berlişik ýurduň gündogaryndaky Nýu-Gempşir ştatyndan başlandy. Ýurduň kontinental böleginde alty sagat guşaklygy bar. Şol sebäpli saýlawlaryň başlanýan we tamamlanýan wagty ştatlara görä üýtgeýär. Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen 18:00-a çenli açyk bolar.
Saýlawyň resmi bolmadyk netijeleri saýlaw gijesi ýa-da ertesi irden mälim edilýär. Resmi netijeleriň aýan edilmegi bolsa, birnäçe hepdä çekip bilýär. Ýurtda 170 million saýlawçy bar. Käbir ştatlarda öňünden ses bermäge mümkinçilik döredilendigi üçin saýlaw gününe çenli eýýäm 81 million amerikan ses berdi.
Prezident saýlawlarynda saýlawçylar özleriniň makul bilýän partiýasynyň wekiline ses berýär. “Wekiller geňeşi” atly bu usulda her ştatdan dürli ululykdaky ilatly ýerlerden jemi 538 wekil saýlanýar. Bu görkezijiniň ýarysyndan 1 san köpi, ýagny 270 wekile ýeten dalaşgär Prezident bolmaga hukuk gazanýar. Ýagny, bu ulgamda saýlawçylaryň iň köp sesini alan däl-de, iň köp wekili bolan dalaşgär Prezident wezipesine saýlanýar.
Saýlaw näme üçin sişenbe güni geçirilýär?
Ýurtda Prezident saýlawlary, adatça, noýabryň ilkinji sişenbesinde geçirilýär. Bu däp XIX asyrdan bäri dowam edýär. Kanunçylyga görä, şol döwürler diňe akýagyzlar ses berip bilýärdi. Saýlawyň gününi bolsa daýhanlar kesgitläpdir. Uzak obalarda ýaşaýan akýagyz daýhanlaryň şähere gidip, ses berip gelmegi üçin bir gün gerek bolupdyr. Hepdäniň dynç güni bolsa, daýhanlar buthana gidýän ekenler. Hepdäniň birinji güni käbir hristianlar üçin Keramatlylar güni hasaplanypdyr. Şeýle hem täjirler her aýyň 1-ne geçen aýyň hasap-hesibini edýän ekenler. Şeýlelikde Kongres hasyl döwrüniň agramly böleginiň tamamlanýandygyny hem-de ilkinji sişenbäniň noýabryň 1-ne gabat gelmezligini göz öňünde tutup, “noýabryň ilkinji duşenbesiniň ertesini”, ýagny ilkinji sişenbe gününi saýlaw güni diýip yglan edýär. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda daýhanlar ABŞ-nyň ilatynyň 2 göterimini emele getirýär. Emma bu däp häzir hem dowam edýär. Şol güni dynç güni däldigi sebäpli saýlawçylar ir bilen işe, okuwa gitmezden ozal ýa-da işden soň ses berýärler. Käbir ştatlarda ýarygijeden soň, käbir ýerlerde bolsa, daňdan 5-de saýlaw uçastoklary açylýar. Ýurduň käbir ştatlarynda bolsa, ses bermek üçin işgärlere jogap berilýär.