Arheologlar Saud Arabystanyndaky Haýbar oazisinde 4400 ýyl mundan ozalky gadymy şäherçäni tapdylar. 1,5 gektar meýdany eýeleýän Al-Nata atly şäherçede miladydan ozalky 2400-nji ýyllarda 500-den gowrak adam ýaşapdyr. Bu barada “Plos One” žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar. Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkezinden Guýoma Şarluwyň ýolbaşçylygynda işleýän barlagçylar bu ýerden azyndan 50 sany palçyk jaýyň galyndylaryny, keramikanyň köp sanly böleklerini we ýylmanan daşlary tapdylar. Aýratyn hem bu şäheriň merkezinde 2 sany uly bina ýerleşip, ol dolandyryş jaýy bolup hyzmat eden bolmagy mümkin. Şeýle hem günbatarda täsin basgançakly mazarlary bolan nekropol ýerleşýär. Mundan başga-da, bu ýerde ýazmaça subutnamalaryň ýokdugyna garamazdan, tapylan artefaktlar Al-Natanyň gadymy ýaşaýjylarynyň ösen medeniýetiniň, şeýle hem ýaşaýyş durmuşynyň bolandygyny aýdyň görkezýär. Şäheriň daşyna ilaty çarwalaryň hüjüminden goramak maksady bilen 14,5 km uzynlykdaky diwar hem çekilen. Al-Nata, takmynan, b.e. öňki 1500-1300-nji ýyllarda taşlanypdyr. Bu gadymy şäheriň boşap galmagynyň sebäpleri entägem syr bolmagynda galýar. 4400 ýyllyk bu gadymy şäheriň tapylmagy Arap ýarymadasynyň taryhyna düşünmäge aýratyn goşant goşýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.