Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýranyň altyn çaýyp bezemek we miniatýura sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirilýär. Bu sungat ussatlyk sapagyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar.
5-nji noýabrda Eýranyň altyn çaýyp bezemek we miniatýura sungaty boýunça ussatlyk sapaklary Eýran Yslam Respublikasyndan gelen iki sany mugallymyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde öz işine başlady. Bu sungat ussatlyk sapagynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplaryny örän begendirdi. Eýranyň altyn çaýyp bezemek we miniatýura sungaty boýunça ussatlyk sapaklary Eýranly meşhur hünärmen zenanlar Näjme Hosseýniýan we Sähär Haşeminiň gatnaşmagynda geçirilip, onuň dowamynda talyplar sungatlaryň taryhy, ulanylýan gurallar bilen tanyşmak, nagyşlary dogry reňklemek, reňkleri dogry saýlamak, dizaýn, möhürleme, saýa berme ýaly usullar bilen giňişleýin maglumatlary alýarlar.
Sungat ussatlyk sapagy 11-nji noýabra çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň eýwanynda Eýrandan gelen hünärmenleriň eserleriniň sergisi gurnalyp, akademiýanyň mugallymlary we talyplary bu sungat bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.