Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­rin­de uly şat­lyk dö­ret­di. Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň ýe­ne bi­ri­niň yk­rar­na­ma­sy­na öw­rü­len bu hoş ha­bar bü­tin dün­ýä­ni spor­tuň güý­ji bi­len pa­ra­hat­çy­ly­ga, raý­daş­ly­ga ça­gyr­ýar.
BMG-ä ag­za döw­let­le­riň 37-si ta­ra­pyn­dan giň gol­daw ta­pan bu baş­lan­gyç ýü­rek­le­riň bi­reý­ýäm yk­rar eden ha­ky­ka­ty­ny res­mi taý­dan tas­syk­la­dy. Şüb­he­siz, Mer­ke­zi Azi­ýa bu gün di­ňe bir yk­ly­myň däl, eý­sem, tu­tuş Ýer ýü­zü­niň iň asu­da se­bit­le­ri­niň bi­ri. Mä­lim bol­şy ýa­ly, se­bi­ti­miz mun­dan iki ýyl ozal hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň aý­ra­tyn Ka­rar­na­ma­sy esa­syn­da 2022-nji ýyl­da pa­ra­hat­çy­lyk we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy hök­mün­de yk­rar edi­lip­di. Bu hyz­mat­daş­lyk­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýän Türk­me­nis­tan in­di 14 ýyl­dan bä­ri BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni özün­de sak­la­ýar.
Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ga­zan­ýan me­dal­la­ry­nyň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 4-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, türk­men tür­gen­le­ri­niň ýy­lyň di­ňe do­kuz aýyn­da ga­za­nan hal­ka­ra de­re­je­li me­dal­la­ry­nyň sa­ny 470-den geç­di. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bu üs­tün­lik­le­riň üs­ti ýe­ne tä­ze­le­ri bi­len ýe­ti­ri­ler. Ýa­kyn­da ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri bi­len Wa­ta­ny­my­zyň şa­ny­na şan go­şan ýi­git­dir gyz­la­ryň on­lar­ça­sy sow­gat­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Ola­ryň ara­syn­da çem­pi­on­lar bar­mak bü­küp sa­nar­dan kän. Hat­da dün­ýä çem­pi­on­la­ry hem bar. El­bet­de, olar – ýa­ňy 18 ýa­şy­ny dol­du­ran päl­wan ýi­git Alp Ars­lan Be­gen­jow bi­len agyr at­le­ti­ka­nyň 20 ýaş­ly ýyl­dy­zy Şah­zad­bek Mat­ýa­ku­bow.
Öz­bo­luş­ly sport baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rü­len köp­çü­lik­le­ýin Sag­lyk ýo­lu­ny geç­mek ýa­ry­şy­na müň­ler­çe ada­myň ag­zy­bir­lik­de gat­naş­ma­gy örän gu­wan­dyr­ýar. Ola­ryň äh­li­si bi­le­lik­de Sag­lyk ýo­lun­dan ge­çip, sag­dyn­ly­gyň, er­jel­li­giň, ru­hu­be­lent­li­giň nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si — ýur­duň sag­dyn gel­je­gi­niň gi­re­wi. Bu ýö­rel­gä eýer­ýän­le­riň sa­ny­nyň bar­ha art­ma­gy Dur­nuk­ly ösü­şiň aý­ry-aý­ry mak­sat­la­ry­na ýe­til­me­gi­ne go­şant goş­mak­da-da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Şeý­le çä­re­ler sport ar­ka­ly dür­li halk­la­ryň we­kil­le­ri­ni bi­rek-bi­rek bi­len dost­laş­dyr­ýar we je­bis­leş­dir­ýär. «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­niň düýp mak­sa­dy hem şun­dan yba­rat. Umu­man, bi­ziň ýur­du­myz sport ýa­ryş­la­ry­nyň me­ka­ny­na öw­rül­di.

Yh­las ATA­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.