Bu gün­ki gün ýur­du­myz­da bag­ty­ýar za­ma­na­my­zyň ru­hu­be­lent ýaş­la­ry­nyň oka­ma­gy, öw­ren­me­gi, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Dö­re­dil­ýän şeý­le giň ge­rim­li şert­le­riň ne­ti­je­sin­de hem dö­wür bi­len deň ga­dam ur­ma­ga ukyp­ly, ýo­ka­ry hü­när taý­ýar­ly­gy bo­lan ýaş ne­sil ke­ma­la gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men ýaş­la­ry­na öz­le­ri­niň ylym-bi­lim esa­syn­da kä­mil gel­je­gi­ni gur­ma­ga dö­re­dip ber­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn giň müm­kin­çi­lik­le­ri dog­ru­syn­da söh­bet edi­le­n­de, şeý­le asyl­ly mak­sat­la­ryň mil­li çäk­ler­den çy­kyp, has giň ge­ri­me eýe­di­gi­ni hem aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Bu gün­ki gün türk­men ýaş­la­ry­nyň di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, dün­ýä­niň en­çe­me ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ma­gy üçin ze­rur şert­ler bar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan giň ge­rim­li şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty­nyň tä­ze san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän ug­ry döw­re­bap Ar­ka­dag şä­he­rin­de aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Arkadag şä­he­rin­de gur­lan bi­na­lar we ýaş­la­ryň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça bi­lim al­mak­la­ry üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler ola­ryň işi­ne us­sat, kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly şah­sy­ýet­ler bol­ma­gy­na iter­gi be­rer. Mil­li Li­de­ri­miz: «Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ýaş­la­ryň şä­he­ri hök­mün­de yk­rar edil­me­gi gu­wanç­ly ýag­daý­dyr» di­ýip bel­le­mek bi­len, şä­he­riň döw­re­bap dur­muş dü­züm­le­rin­de ýaş­la­ra uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni nyg­ta­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da şä­her­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bo­lup, köp san­ly bi­lim ojak­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky Ar­ka­dag şä­her mu­gal­lym­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi he­re­ket ed­ýär. Ze­hin­li mu­gal­lym, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän bu bi­lim oja­gyn­da baş­lan­gyç synp­lar­da okat­mak we mek­de­be çen­li bi­lim we ter­bi­ýe ugur­la­ry bo­ýun­ça hü­när­men­ler taý­ýar­lan­ýar.
Bi­lim oja­gyn­da lin­ga­fon, komp­ýu­ter, in­ter­net otag­la­ry bo­lup, ol hem ýaş hü­när­men­le­riň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär. Ta­lyp­la­ryň ro­bo­to­teh­no­lo­gi­ýa has iç­gin ara­laş­ma­gy üçin STEM (Ylym, teh­no­lo­gi­ýa, in­že­ne­ri­ýa we ma­te­ma­ti­ka) tej­ri­be ota­gy göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. STEM tej­ri­be ota­gy ta­lyp­la­ra ders­le­ri bi­ri-bi­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly öw­ret­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.
Mu­gal­lym­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de ma­te­ma­ti­ka, in­for­ma­ti­ka, ge­og­ra­fi­ýa, rus di­li, iň­lis di­li ders­le­ri­ni 5-nji we 6-njy synp­lar­da okat­ma­ga hu­ku­gy bo­lan baş­lan­gyç synp mu­gal­lym­la­ry, şeý­le-de, ça­ga­lar bag­la­ryn­da iň­lis di­li­ni okat­ma­ga hu­ku­gy bo­lan ter­bi­ýe­çi­ler taý­ýar­la­nyl­ýar.
Türk­men ýaş­la­ry­nyň äh­li­ta­rap­la­ýyn ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk­-de ös­dür­mä­ge gö­nük­dir­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary­nyň sag, alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Mer­jen ATA­ÝE­WA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.