Hy­ta­ýyň teh­no­lo­gi­ýa ägir­di «Xiao­mi» mart aýyn­da önüm­çi­li­gi­ne baş­la­nan «SU7» elekt­rou­la­gyn­dan 75 müň­den gow­ra­gy­ny müş­de­ri­le­re ýe­ti­rip­dir. Aýyň ahy­ry­na çen­li bu gör­ke­zi­ji­niň 100 mü­ňe ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Smart­fon we ulu­ly-ki­çi­li elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan kom­pa­ni­ýa öz ula­gy­ny bu ugur­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy­sy «Tes­la»-nyň «Mo­del 3»-in­den 4 müň dol­lar ýa­ly ar­zan ba­ha­dan sa­tu­wa çy­kar­dy. Bu bol­sa bäs­deş­li­gi has-da art­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da has ýo­ka­ry amat­lyk­la­ry bo­lan «SU7 Ult­ra» mo­de­li­ni hem sa­tu­wa taý­ýar eder. Bu ulag­dan eý­ýäm 3 müň 600-den gow­ra­gy sar­gyt edi­lip­dir. Onuň umu­my ba­ha­sy 114 müň 300 dol­la­ra ba­ra­bar bo­lup, sar­gyt et­mek üçin 1 müň 400 dol­lar tö­le­me­li. Bi­ler­men­ler kom­pa­ni­ýa­nyň gel­jek ýyl 250 müň ulag sat­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar.
Hy­ta­ýyň «Xpeng» we «Nio» kom­pa­ni­ýa­la­ry il­kin­ji elekt­rou­la­gyn­dan 100 mü­ňün­ji­si­ni al­ty ýyl­da, «Tes­la» bol­sa has köp – 12 ýyl­da sa­typ­dy. «Xiao­mi» bol­sa bu sep­gi­de 9 aý­da ýet­me­gi mak­sat edin­ýär.

Eziz NUR­MY­RA­DOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.