Ça­ga­la­ryň iý­mit­le­niş en­dik­le­ri maş­ga­la ter­bi­ýe­si bi­len bag­ly däl-de, ge­ne­ti­ka bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Na­har­lan­mak bi­len bag­ly aý­ra­tyn­lyk­lar ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan baş­lap ýet­gin­jek döw­rü­ne çen­li do­wam edip bi­ler. Ata-ene­le­riň kö­pü­si ça­ga­sy­nyň do­ly ýag­daý­da na­har­lan­ma­ýan­dy­gyn­dan ýa-da na­ha­ry dan­da­ýan­dy­gyn­dan nä­gi­le bol­ýar­lar. Ça­ga­nyň iý­mit we na­har saý­la­ma­gy jem­gy­ýet­de ha­la­nyl­ma­ýan hä­si­ýet­le­riň bi­ri­dir. My­sal üçin, na­ha­ryň kä­şi­ri­ni ýa-da so­ga­ny­ny aý­ryp iý­mek, kä­di­li, ys­ma­nak­ly, ke­lem­li na­har­la­ry iý­mez­lik, pa­la­wyň kä­şi­ri­ni ýa-da eti­ni aý­ryp, aý­ra­tyn tü­wü­si­ni iý­mek we ş.m. Hü­när­men­ler ça­ga­la­ryň na­har saý­la­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe bar­lag­la­ry ge­çi­rip, şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler.
Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra 16 aý­lyk we 13 ýaş­ly 2 müň­den gow­rak ça­ga gat­naş­dy­ry­lyp­dyr. Hü­när­men­ler ça­ga­la­ryň do­ku­ma­la­ry­nyň aý­ra­tyn­ly­gy­na, ta­gam duý­şu­na we tä­ze iý­mit­le­ri nä­hi­li gar­şy al­ýan­dy­gy­na ün­si jem­läp­dir­ler. Şeý­le hem hünärmenler saý­la­mak üçin iý­mit sa­naw­na­ma­sy­ny hö­dür­läp­dir­ler we ça­ga­la­ryň esa­sy bö­le­gi­niň şol bir iý­mi­ti saý­lan­dy­gyna, ola­ryň ýa­şy­nyň de­ňe­çer­räk­di­gi­ne geň ga­lyp­dyr­lar. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ça­ga­la­ryň na­har saý­la­ma­gy­nyň maş­ga­la ter­bi­ýe­si, hä­si­ýet bi­len bag­ly däl-de, ça­ga­nyň ösü­şi we ge­ne­ti­ka­sy bi­len bag­ly­dy­gy­ ýü­ze çy­kar­yldy.
Ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra is­le­gi bol­maz­dan, na­har­dyr gök önüm­le­ri zor bi­len iý­dir­mek, olar­da kä­bir iý­mi­te bo­lan ýig­renç dö­re­dip bil­ýär. Bu ýag­daý 7 ýa­şa çen­li has-da ös­ýär. Şeý­le­lik­de, ça­ga­da kä­bir iý­mi­ti gö­ren­de ters pi­kir­ler dö­re­ýär we iş­dä­si ke­sil­ýär. Ata-ene­si­niň, do­gan­la­ry­nyň iý di­ýip ha­ýyş et­me­gi­ne ga­ra­maz­dan, ol şol iý­mit­den ýüz öwür­ýär. Hü­när­men­ler şeý­le ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak we dü­zet­mek üçin, il­ki bi­len, maş­ga­la bo­lup na­har­lan­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem sa­çak­da ça­ga­nyň ha­la­ma­ýan iý­mi­ti ýa-da na­ha­ry bi­len bir ha­tar­da, bir­nä­çe iý­mi­tiň bol­ma­ly­dy­gy­ny aýdýarlar. Şeý­le­lik­de, ça­ga sa­çak­da ha­la­ma­ýan na­ha­ry­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, haý­sy­dyr bir iý­mi­te is­leg bil­di­rer. Bir­nä­çe wagt ge­çen­den soň bol­sa, ha­la­ma­ýan iý­mi­ti­ne bo­lan ga­raý­şy üýt­gäp, ony hem iýip baş­lar.
Hü­när­men­ler na­ha­ry ýa-da iý­mi­ti ça­ga­nyň is­le­gi bol­maz­dan mej­bur edip iý­dir­me­li däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem kä­bir ça­ga myh­man ge­len­de ýa-da myh­man­çy­ly­ga bar­lan­da utan­ýar, kä­bir ça­ga bol­sa ulu­la­ryň ýa­nyn­da na­har­lan­mak­dan çe­kin­ýär. Şol se­bäp­li kä­te ça­ga­nyň dost­la­ry­ny öýe ça­gy­ryp, bi­le­lik­de na­har­lan­ma­gy ýo­la goý­ma­ly. Ça­ga­nyň dost­la­ry­na gy­zy­gyp, iş­dä­si açyl­ýar we köp­çü­lik bo­lup na­har­lan­ma­gyň süý­jü­di­gi­ne dü­şün­ýär. Eger köp ça­ga­ly maş­ga­la bol­sa, bu en­di­gi do­gan­la­ryň ara­syn­da hem ýo­la go­ýup bi­ler­si­ňiz. Umu­man, ça­ga­nyň na­har saý­la­mak en­di­gi kä­mil­lik ýa­şy­na ýe­ten­den soň, öz-özün­den aý­ry­lyp gid­ýär. Şo­nuň üçin bu ýag­da­ýa has üns­li we mej­bur edi­ji ýag­daý­da çe­me­leş­mek ýal­ňyş ha­sap­lan­ýar.