Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilýänleriň sany barha köpelýär. Eýsem, adamlar näme üçin köp dil öwrenýärkä? Köp dil bilmegiň nähili peýdalary barka?!
Dil bilmek arkaly daşary ýurda gezelenje gidilende ýa-da daşary ýurtdan myhmanlar gelende, olar bilen gepleşip bolýar. Sorag-jogap alyşmak arkaly şol halkyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanşyp bolýar. Şeýle hem başga dildäki aýdym-sazlara, filmlere, kitaplara we peýdaly maglumatlara düşünip bolýar.
Dil bilmek beýniniň iki tarapyny hem – sag we çep beýnijigi işjeňleşdirýär. Emma dil bilen maglumatlar, esasan, beýniniň çep böleginde ýatda saklanýar. Daşary ýurt dilini çagalykda ýa-da ýaşlykda öwrenmek has aňsat bolýar.
Häzirki wagtda orta mekdepleriň ählisinde hem daşary ýurt dilleriniň azyndan ikisi, üçüsi öwredilýär. Ene dilinden başga dilde gepläp, pikirlenip bilýän çaga okuw derslerine has ökde bolýar. Daşary ýurt dilini bilmek okuw derslerini özleşdirmekde üstünlik getirýär.
«Bir dil bilen – bir adam, iki dil bilen – iki adam» diýen aýtgy ýöne ýere aýdylmandyr. Başga bir dili öwrenmek, şol dilde gepleşýän ýurduň edebiýatyny, medeniýetini öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Mysal üçin, fransuz dilini öwrenen adam şol dilde ýazylan ähli maglumatlara düşünip bilýär. Şeýle hem fransuzça ýazylan islendik eseri, kitaby okap bilýär. Daşary ýurt dilini suwara bilýän adamyň özüne bolan ynamy hem artýar.
Täze dil öwrenmek ýatkeşligiň ösmegine we güýçlenmegine hem ýardam edýär.
Nädip öwrenmeli?
Dilçiler dil öwrenmegiň pikir edilişinden has aňsatdygyny belleýärler. Gündelik durmuşda bir dilde düşünişmek üçin iki müň söz ýeterlik. Ikinji dil öwrenilenden soňra bolsa, üçünjini öwrenmegiň has aňsat bolýandygy bellenilýär. Bir dili tebigy ýagdaýda öwrenmek üçin şol diliň gepleşilýän ýerinde bolup ýa-da şol dildäki kinolary köpräk görüp, 5-6 ýylyň dowamynda öwrenip bolýar. Daşary ýurt dilini diňläp öwrenmek has täsirli bolup, aýdymdyr kinonyň sözlerini diňlemek arkaly çalt öwrenip bolýar. Dili düýpli öwrenmek üçin bolsa, köp okamaly bolýar. Her diliň gurluşy tapawutly bolup, bu ýagdaý dil öwrenilende beýnini işjeňleşdirýär. Şeýle hem daşary ýurt dilindäki sesler hem başgaça bolup, suwara gürlemek üçin «diliňi ýençmeli» bolýar.