Her ösüm­li­giň özü­ne mah­sus ösüş aý­ra­tyn­ly­gy bar. Ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri bir gün­de 1 metr ös­ýän bol­sa, kä ösüm­li­giň bir ga­ryş ös­me­gi üçin bir­nä­çe ýyl ge­rek. Şä­her ýa­ka­la­ry­dyr se­ýil­gäh­ler­de köp ekil­ýän paw­low­ni­ýa dün­ýä­niň iň çalt ös­ýän aga­jy ha­sap­lan­ýar. Ada­ma peý­da­ly bol­ma­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýan bu aga­jyň ýap­ra­gy­dyr gül­le­ri se­na­ga­tyň dür­li pu­dak­la­ryn­da peý­da­la­nyl­ýar. Dik ös­ýän syr­dam aga­jy bol­sa gur­lu­şyk ma­te­ria­ly hök­mün­de ula­nyl­ýar. Paw­low­ni­ýa ho­wa­nyň we te­bi­ga­tyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Bu aga­ja baş­ga­ça «hy­taý de­re­gi» hem di­ýil­ýär. Se­bä­bi paw­low­ni­ýa, esa­san, Hy­taý­da ýe­tiş­di­ril­ýär. Şeý­le bol­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, bu agaç De­mir­ga­zyk ýa­rym şa­ryň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly ekil­ýär. Paw­low­ni­ýa­nyň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy çalt ös­ýän­li­gi­dir. Eki­len ýy­ly bu aga­jyň bo­ýy 8-8,5 met­re çenli ösüp bilýär. Paw­low­ni­ýa or­ta­ça 70 ýyl ýa­şa­ýar. Agaç ke­si­len­den soň­ra, ýe­ne gaý­ta­dan gö­ger­ýär. Bu agaç­dan me­bel­dir gur­lu­şyk iş­le­ri üçin ýo­ka­ry hil­li tag­ta alyp bol­ýar. Paw­low­ni­ýa­dan al­nan tag­ta me­bel önüm­çi­li­gin­de, gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da, saz gu­ral­la­ry­ny ýa­sa­mak­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
25 de­re­je so­wu­ga we 50 de­re­je ys­sa çy­dam­ly bo­lan bu da­ragt dür­li top­rak şert­le­rin­de ýe­tiş­ýär. Aga­jyň iri ýap­ra­gy­nyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da azot sak­lan­ýar. Şol se­bäp­li bu aga­jyň ýap­ra­gy mal­la­ra ot hem-de ýe­re dö­kün hök­mün­de ula­nyl­ýar. Paw­low­ni­ýa­nyň ýap­ra­gy­nyň iý­mit­li­lik kuw­wa­ty ar­pa bi­len deň ha­sap­lan­ýar. Bu agaç ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak­da örän peý­da­ly­dyr. Ýap­rak­la­ry bi­len to­za­ny we tüs­sä­ni özü­ne çek­ýän bu aga­jyň ho­wa­ny aras­sa­laý­jy­ly­gy ar­ça­nyň­ky­dan 15 es­se ýo­ka­ry­dyr. Paw­low­ni­ýa ap­rel-maý aý­la­ryn­da örän owa­dan gül aç­ýar. Arylaryň ondan alýan ba­ly hem açyk reňk­li bolup, ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Aga­jyň kök­le­ri­niň uzyn bol­ma­gy we aşak­ly­gy­na git­me­gi dag etek­le­rin­de top­ra­gyň süýş­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Paw­low­ni­ýa eki­len ýe­ri­ni has gurp­lan­dyr­ýar. Bu agaç top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­nyň hem öňü­ni al­ýar.