Dünýäniň iň uly we abraýly çäreleriniň biri hasaplanýan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) Bakuda öz işine işe başlady. COP29 11-22-nji noýabrda Baku stadionynda geçirilýär. Maslahatyň çäklerinde 12-13-nji noýabrda iň ýokary derejeli çäre – dünýä Liderleriniň howa hereketi boýunça sammiti geçiriler.
COP29-da howanyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly täze maksatnama boýunça gazanylmagyna umyt bildirilýär. COP29-yň başlyklygyna, howanyň hereketi we durnukly ösüş maksatlarynyň arasyndaky baglanyşygy öz içine alýan 14 başlangyç, şol sanda, ýaşyl energiýa geçelgeleri, ýaşyl energiýanyň saklanyşy, howanyň durnuklylygy üçin sazlaşyk, arassa wodorod, organiki galyndylaryň metany azaltmagy, ýaşyl sanly tehnologiýa we beýleki mowzuklar hödürlenýär. Şunuň bilen birlikde, başlangyçlaryň birinde Howanyň maliýeleşdirilmegi boýunça hereket gaznasyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Azerbaýjan Respublikasy daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça meselelere aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurda möhüm işleri alyp barýar. Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş ýaly möhüm global meselelerde göreldeli ýolbaşçylygy görkezip, Azerbaýjan: “Geliň, ýaşyl dünýä üçin agzybir bolalyň!” diýen şygary öňe sürdi. Prezident Ilham Aliýewiň belleýşi ýaly, ýurt COP29-yň geçirilýän döwründe ösen we ösýän ýurtlaryň arasynda köpri gurmak, ylalaşyk gazanmak we COP29-y üstünligiň taryhyna öwürmek üçin ähli tagallalary berjaý eder.
2024-nji ýyl Azerbaýjan Respublikasynda “Ýaşyl dünýä üçin raýdaşlyk ýyly” diýlip yglan edildi.
BMG-niň Howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça maslahaty ýa-da Howa sammiti 1995-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna agza ýurtlary birleşdirýär. Öňki sammit geçen ýylyň ahyrynda Dubaýda (BAE) 150-den gowrak ýurtdan gelen wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilipdi.