Aý tutulmagy we Gyzyl Aý
152 ýyldan soňra 31-nji ýanwarda hiç hili goragsyz Aýyň tutulmak hadysasyna şaýatlyk edildi. Şol gün 3 sany astronomiýa hadysasy bolup geçdi. Aýyň gan ýaly gyzyl reňkde bolmagy köpleriň ünsüni çekdi. Aýyň doly tutulmak hadysasy dünýäniň ençeme ýerinden tomaşa edildi. Ýer şarynyň ýeke-täk hemrasy bolan Aý dünýä has-da ýakynlaşdy. Bu hadysa ABŞ-nyň günbatar böleginde hem-de Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda has gowy göründi.
Ýere has-da golaýlaşan Aý bilen araçäk 359 kilometre barabar boldy. Alymlar bu ýagdaýy “super Aý” diýip atlandyrýarlar. Aýa dünýäniň kölegesi düşýändigi üçin Aýyň reňki gyzyl bolýar. Şonuň üçin muňa “ganly Aý” hem diýýärler.