Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, syýasatda hem-de ynsanperwer ulgamlarda çalt depginler bilen ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilmegi belent abraý-mertebäniň, gazanylýan köptaraply üstünlikleriň kepilidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşleriň ählisiniň özenini düzýän «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelere berk eýermek bilen gazanylýan üstünlikleriň netijesinde merdana, zähmetsöýer, agzybir halkymyz abadan, bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Güneşli ýurdumyz dürli halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli geçirilýän mekanydyr. Şol sergilerde ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda, oba hojalygynda, medeniýetinde gazanylýan ösüşleri açyp görkezýän işleri synlanyňda, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyň, guwanjyň has-da artýar. Ol ösüşleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, döwletimizde adam hakda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
Bu gün eziz Diýarymyzyň çar künjeginde gurulýan dürli maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary, elektrik geçirijileri, önümçilik kärhanalary rysgal-döwletliligiň kepilidir. Ajaýyp zamanamyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, il-günümize, nesillere hyzmat etjek binalar, desgalar gurlup, uly özgerişler amala aşyrylýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Garaşsyz ýurdumyz tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek başlangyçlary öňe sürýär, ilhalar taslamalary durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem baky Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralandy. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem berkarar döwletimiziň Merkezi Aziýa sebitinde, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýandygynyň subutnamasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz durnukly ulag düzümlerini döretmäge möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky başlangyçlary bütin adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir.
Gülruh SAPARBAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.