Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Tereza Meý Hytaý Halk Respublikasynda 3 günlük resmi saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge degişli resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi. Şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşyklar gazanyldy.
Premýer-ministr Tereza Meý bu ýurda saparyny Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinden başlady. Soňra ol ýurduň paýtagty Pekin şäherine bardy. Pekinde Halk ýygnagynyň binasynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Tereza Meý bilen Hytaýyň Premýer-ministri Li Kesýanyň arasynda her ýylda geçirilýän adaty duşuşyk boldy.
Li Kesýan köp ýyllaryň dowamynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Beýik Britaniýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge has uly ähmiýet berlendigini belläp, ýurduň Prezidenti Si Szinpiniň 2015-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran netijeli saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine götermek babatda ylalaşylandygyny belledi.
Tereza Meý öz gezeginde Si Szinpiniň Beýik Britaniýa saparynyň iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynda “altyn eýýamyň” başlangyjy bolandygyny aýtdy. Ol Hytaýyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Zolaklar we ýollar” taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdi.
9 milliardlyk ylalaşyklar
Iki ýurduň hökümet baştutanlary söwda we maýa goýum pudaklaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda ylalaşdylar. Erkin söwda gatnaşyklary ýola goýlar. Hytaýyň hökümet başlygy Beýik Britaniýa üçin öz bazarlarynyň gapylaryny giňden açjakdyklaryny we oba hojalyk önümleri hem-de maliýe hyzmatlary babatda giň hyzmatdaşlyga isleg bildirilýändigini belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 59 milliard funt sterlinge barabardyr. Bu saparyň çäklerinde ýene-de 9 milliard funt sterlinge barabar ylalaşyklara gol çekildi.