9-njy noýabrda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň özboluşly tebigatymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Bu möwsümde ýerli agaç nahallary bilen birlikde, dünýä ýurtlarynda özüniň gözel görki, ekologiýa edýän oňyn täsiri babatda tapawutlanýan agaç nahallary hem ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekilýär. 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň sebitlerinde miweli, saýaly, bezeg agaç nahallarynyň giň gerimde ekilmegi, tokaý zolaklarynyň döredilmegi ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda her ýyl ýazky we güýzki möwsümlerde miweli, saýaly, bezeg agaçlarynyň millionlarça düýbüniň ekilmegi eziz Diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Şeýle döwletli işleriň durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, halkymyzyň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda ýaşamak arkaly, tebigaty gorap saklamak ýaly asylly ýörelgesiniň bardygyny görkezýär. Baglaryň howadaky tozany, tüssäni, gurumy, zyňyndy gazlary özlerinde saklap galýandyklary we zyýansyzlandyrýandyklary mälimdir. Şonuň üçin güýzki möwsümde-de köpçülikleýin bag ekmek çäresi ýokary guramaçylykly, şatlyk-şowhunly geçirilip, ýurdumyz boýunça millionlarça miweli, saýaly, bezeg agaçlarynyň nahallary oturdylar.
Babaniýaz PIRKULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.