Ping­win­ler iň ena­ýy­ we tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. Dün­ýä­niň iň so­wuk we iň ys­sy ýe­rin­de ýa­şa­ma­ga uý­gun­la­şan bu guş­lar gül­künç he­re­ket­le­ri bi­len adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Ping­win­ler adam­lar­dan we beý­le­ki jan­ly-jan­dar­lar­dan ür­küp gaç­ma­ýar­lar.
Dün­ýä­dä­ki iň ki­çi ping­wi­niň ulu­ly­gy ba­ry-ýo­gy ana­nas ýa­ly­dyr. Bo­ýy 30 san­ti­met­re ýet­ýän bu ki­çi­jik ping­wi­niň ag­ra­my 1,5 ki­log­ram­dan geç­me­ýär.
Ping­win­le­riň kö­pü­si Gü­nor­ta ýa­rym şar­da ýa­şa­ýar. Köp­ler ping­win­ler An­tark­ti­dada ýa­şa­ýar di­ýip pi­kir et­se­ler-de, bu guş­lar Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da, Af­ri­ka­da, Awst­ra­li­ýa­da we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da-da duş gel­ýär. Dün­ýä­de ping­wi­niň je­mi 18 gör­nü­şi bar.
Ta­ry­hy ta­pyn­dy­la­ra gö­rä, di­no­zawr­la­ryň döw­rün­de 1,5 metr be­ýik­lik­dä­ki ping­wi­niň ýa­şap ge­çen­di­gi çak­la­nyl­ýar.
Im­pe­ra­tor ping­win­le­ri­niň maş­ga­la ada­ty­na gö­rä, mäkiýany ýu­murt­ga go­ýan­dan soň­ra, aw aw­la­ma­ga gid­ýär. Ping­winiň horazy bol­sa, ýu­murt­ga­la­ry ba­sy­ryp, daş­ky howp­lar­dan go­ra­ýar.
Ping­winiň horazy mäkiýanyna sow­gat hök­mün­de daş böleklerini ber­ýär. Mäkiýan ping­win bu daş­la­ry ula­nyp hö­würt­ge ýa­sa­ýar.
Ping­win­ler uly to­par bo­lup ýa­şa­ýar­lar we bi­ri-bi­ri­ni ýüz keş­bin­den ta­na­ýar­lar.
Ping­win­ler uçup bil­me­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ök­de ýü­zü­ji­ler ha­sap­lan­ýar. Bu guş­lar sa­gat­da 25-40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len ýü­züp bil­ýär­ler.