Dünýäde görmek isleýän üýtgeşikligiňi özüňden başla.
Mahatma Gandi.
Adam näme pikir edýän bolsa, şoldur.
Mark Awreliý.
Bagt taýýar zat däl. Ol siziň hereketleriňizden hasyl bolýar.
Dalaý Lama.
Özüni ýeňen müň duşmany ýeňenden güýçlüdir.
Budda.
Müň kilometrlik ýol ilkinji ädimden başlanýar.
Lao-Szy.
Ykbal tötänlik däl-de, saýlawdyr.
Žan-Pol Sartr.
Iň kyn zat – herekete girişmek baradaky karar, galanlary diňe tutanýerlilik.
Ameliýa Erhart.
Adamyň beýikligi ýeten zatlaryna däl-de, ýeňip geçen zatlaryna baglydyr.
Nelson Mandela.
Amala aşyryp biljekdigime ynanmasam hiç wagt hiç zat edip bilmezdim.
Mari Kýuri.
Hatda, sen ýeke galan bolsaňam, özüňe bolan ynamyňy ýitirmeli dälsiň.
Wladimir Wysoskiý.
Geçmişi unudanlaryň ony gaýtalajakdygy ikuçsuzdyr.
Karl Ýung.
Hatda, geljekde näme boljagyny bilmeseňizem, hiç wagt ädim ätmekden gorkmaň.
Artur Şopengauer.
Durmuş –gül, söýgi onuň balydyr.
Wiktor Gýugo.
Özüň bol, beýleki keşpleriň hemmesi eýýäm ýerine ýetirildi.
Oskar Waýld.
Yhlas etmek üçin ýaşamaýan adam eýýäm diri däldir.
Leonardo da Winçi.
Hakyky paýhas, hemme zady bilmeýändigiňize düşünmekdir.
Sokrat.
Köp zady bilýän däl-de, köp zady başarýan beýikdir.
Konfusiý.
Bagt hemme zadyň kämil bolmagynda däl-de, bar zadyňdan lezzet almagyňdyr.
Antuan de Sent Ekzýuperi.
Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
Epikur.