Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Edarasy 2017-nji ýylyň syýahatçylyk pudagyna degişli maglumatlary ýaýratdy. Geçen ýylyň jemleri boýunça iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň sanawy çap edildi. Bu ugurda birinjiligi Fransiýa eýeledi. Ikinji we üçünji orunda degişlilikde Ispaniýa we ABŞ bar. Maglumatlara görä, 2016-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, Fransiýa gelen syýahatçylaryň sany 10 göterim, Ispaniýa gelýän jahankeşdeleriň sany 9,16 göterim köpelen bolsa, ABŞ-nyň bu ugurdaky görkezijisi 3,6 göterim azaldy. Käbir metbugat neşirleri bu görkezijiniň onçakly köp däldigini belleýärler. Ýöne munuň ABŞ-nyň ykdysadyýetindäki ýitgisi hepdede 140 million dollara deňdir. Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlaryndan Beýik Britaniýanyň bu ugurdaky görkezijisi 8,2 göterim ösdi. Geçen ýyl syýahatçylyk pudagynda Türkiýe we Meksika ýaly ýurtlarda oňat netijeler gazanyldy. Şeýle hem Ýaponiýa, Hindistan, Indoneziýa we Wýetnam ýaly döwletlere-de has köp jahankeşdäniň gelendigini bellemek gerek.