16-njy noýabrda paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy.
Forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we olara gymmat bahaly sowgatlary hem-de diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy.
Hünär bäsleşigi saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we logistika, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ýaly ugurlar boýunça geçirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Baýnazar Muhammedow PECS cards adaty däl adamlara habarlaşmak üçin programma işi bilen birinjiligi eýeledi.
Emeli aň ugry boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Şatlyk Şöhradow birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin ýedi sany dürli keseller boýunça emeli aň kömegi bilen kesel anyklaýyş we saglygy dikeltmek işlerini ýerine ýetirýän programmany bäsleşige hödürledi.
Bäsleşigiň robototehnika we awtomatizasiýa ugrunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Ýazmuhammet Agamyradow keramikada we gurluşykda ulanylýan täzeçil görnüşli 3d printer taslamasy bilen tapawutlandy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekili Alýoş Amanow plastiki zyňyndylary ýygnaýan we sanly ulgam arkaly dolandyrylýan “Akylly gämi” taslamasy bilen bäsleşikde akylly oba hojalyk tehnologiýalary ugry boýunça ýeňiji boldy.
Smart City ugrunda 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Emir Şammaýew birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin bäsleşige ýörände basyşdan elektrik toguny alýan enjamy hödürledi.
Bäsleşigiň bilim we elektron okuw ugry boýunça Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň wekili Arslan Bäşimow tebigy taryhy medeni ýadygärlikleri fotogrometriýanyň esasynda öwrenmek taslamasy bilen ýeňiji boldy.
Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Artur Bahtyýarow bäsleşigiň hyzmatlar ulgamy ugrunda «Tick» sosial ulgam we messenjer işi bilen birinjiligi eýeledi.