Şri-Lankanyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakeniň syýasy bileleşigi bolan “Milli halk häkimiýeti” ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda sesleriň üçden ikisine eýe boldy. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasy tarapyndan ýaýradylan maglumatlar tassyklaýar.
“Milli halk häkimiýeti” 159 orna, “Birleşen milli güýç” partiýasynyň başlygy Sajit Premadasa bolsa, 40 orun bilen ikinji orny eýeledi.
Şri-Lankanyň parlamenti 225 wekilden ybarat. Olardan 196-sy köp agzaly 22 saýlaw okrugynda saýlanýar. Galan 29 orun milli ses berişligiň netijelerine görä proporsional paýlanýar.
21-nji noýabrda täze parlament ilkinji mejlisini geçirmek üçin ýygnanar we täze başlygyny saýlar. Şri-Lankanyň kanunlaryna laýyklykda, dolandyryjy partiýa kanunlary kabul etmek üçin parlament köplügine we Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek üçin sesleriň üçden ikisine zerurlygy bar.
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy Günorta Aziýanyň bir döwletidir. Bu ýurt 1972-nji ýyla çenli Seýlon diýlip atlandyrylypdyr. Sanskrit dilinden terjime edeniňde ol “Abadan ýurt” diýen manyny berýär. 9 welaýatdan ybarat bu ýurtda 21 million 676 müňe golaý adam ýaşaýar. Ýurt 1948-nji ýylyň 4-nji fewralynda garaşsyzlygyny alýar.