15-16-njy noýabrda Perunyň paýtagty Limada Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 31-nji sammiti geçirildi. Sammite Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 21 ýurdundan döwlet Baştutanlary, degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary, hususy pudaklaryň we halkara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Her ýylda geçirilýän bu duşuşygyň barşynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň durnukly ösüşiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň maksatnamasyna erkin we açyk söwdany we maýa goýumlaryny guramak; sebitdäki ýurtlaryň ykdysady integrasiýasyny ilerletmek we çaltlandyrmak; birleşigiň agzalarynyň arasynda ykdysady we tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek; adam howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de amatly we dowamly iş gurşawyny döretmek ýaly temalar girdi.

Sammitiň esasy wakalary iki sany umumy mejlis bolup, oňa gatnaşyjylar Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň (APR) özara gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we aragatnaşygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki günlük maslahatyň barşynda taraplar söwda, maýa goýumlary we durnukly ösüş barada pikir alyşdylar.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Isiba Sigeru, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bu maslahata gatnaşdylar. Si Szinpiniň maslahata gatnaşmagy Hytaýyň Latyn Amerikasyndaky täsiriniň barha artýandygyny görkezýär. APEC sammitiniň çäginde ABŞ bilen Hytaýyň, Ýaponiýanyň bilen Hytaýyň, Ýaponiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikleri öz içine alýan birnäçe maslahat geçirildi.

Başlyklyk edýän ýurt bolan Perunyň karary bilen bileleşigiň maslahatynda sanly ykdysadyýet we innowasiýa, ýaşyl energiýa geçiş, durnukly we inklýuziw ösüş meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) sebitiň 21 ykdysadyýetiniň söwda we maýa goýumlaryny ýeňilleşdirmek we liberallaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk forumydyr. Oňa Awstraliýa, Bruneý, Kanada, Indoneziýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Täze Zelandiýa, Filippinler, Singapur, Tailand, ABŞ, Taýwan, Gonkong, Hytaý, Meksika, Papua Täze Gwineýa, Çili, Peru, Russiýa, Wýetnam gatnaşýar. Forumyň maksady ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak, sebitdäki abadançylygy we Aziýa-Ýuwaş umman jemgyýetini güýçlendirmekden ybaratdyr.

Gatnaşýan ýurtlarda dünýä ilatynyň, takmynan, 40%-i ýaşaýar, jemi içerki önümiň, takmynan, 54%-ini we dünýä söwdasynyň 44%-ini eýeleýär. Birleşik 1989-njy ýylda Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň Premýer-ministrleriniň başlangyjy bilen Kanberrada döredildi. APEC-iň Singapurda ýerleşýän hemişelik sekretariaty bar. Başlyklyk her ýyl üýtgeýär. Şu ýyl Peru APEC-iň  taryhynda eýýäm üçünji gezek ýolbaşçylyk etdi we 2025-nji ýylyň başlyklygyny Koreýa Respublikasyna geçirdi.