12-14-nji noýabrda  Günorta Koreýanyň Seul şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlar üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre Aziýa Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada has gowy müşderi hyzmaty üçin has gowy gümrük” taslamasynyň çäginde geçirildi. Bu taslama  Serhetüsti kagyzsyz söwda, töwekgelçilikleri dolandyrmak, Ygtyýarly Ykdysady Operator maksatnamasy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Çäräniň dowamynda koreý hünärmenleri täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we uly maglumatlar akymlary bilen işlemek nukdaýnazaryndan serhetleri döwrebaplaşdyrmak boýunça öz tejribesi bilen paýlaşdylar. Serhetüsti kagyzsyz söwda boýunça täze usulyýetler bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga, çärä gatnaşyjylar gümrük gözegçiligini ýeňilleşdirmek we Koreýa bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlardan gyzyklanma bildirýänleriň arasynda global söwdanyň hereketini ýönekeýleşdirmek üçin serhetüsti sanly söwdanyň esasy ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: customs.gov.tm