Da­gyň iň be­lent ýer­le­ri­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy Gü­ne ýa­kyn bo­lan­dy­gy se­bäp­li, ys­sy bo­laý­jak ýa­ly. Em­ma bu ter­si­ne. Ýag­ny ýo­ka­ry git­di­gi­miz­çe ho­wa gy­za­nok-da, gaý­tam so­wap ug­ra­ýar. Eý­sem, nä­me üçin ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy ýo­ka­ry git­di­gi­miz­çe pe­sel­ýär?

At­mos­fe­ra­da­ky tem­pe­ra­tu­ra köp fak­tor­la­ra bag­ly­lyk­da üýt­ge­ýär. Bu fak­tor­la­ryň iň mö­hü­mi ho­wa ba­sy­şy­dyr. As­lyn­da, ba­syş art­dy­gy­ça tem­pe­ra­tu­ra hem ýo­kar­lan­ýar. Se­bä­bi ýo­ka­ry ba­syş­da ho­wa mo­le­ku­la­la­ry gy­syl­ýar we has gyz­ýar. Şeý­le-de bol­sa, de­ňiz de­re­je­sin­den (Ýer­den) daş­laş­dy­gyň­ça ba­syş aza­lyp, tem­pe­ra­tu­ra pe­se­lip baş­la­ýar. Bu ýag­daý ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň ýo­ka­ry be­lent­lik­ler­de pe­sel­me­gi­niň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri­dir.

At­mos­fe­ra­da­ky suw bug­la­ry hem ho­wa­nyň so­wuk bol­ma­gy­na tä­sir ed­ýän fak­tor­la­ryň bi­ri­dir. Be­lent­lik art­dy­gy­ça bu­gar­ma muk­da­ry hem azal­ýar. Suw bu­gy at­mos­fe­ra­nyň ýy­ly­ly­gy sak­la­mak uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar, ýö­ne bel­li bir be­lent­lik­den soň pe­se­lip baş­la­ýar. Bu­gar­ma ha­dy­sa­sy­nyň pe­sel­me­gi bi­len Gün­den gel­ýän şöh­lä­niň tä­si­ri hem gow­şa­ýar. Ýag­ny Gün şöh­le­si­niň ýe­ri gyz­dyr­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýo­kar­da ho­wa so­wuk bol­ýar.

At­mos­fe­ra­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy­nyň ýe­ne bir se­bä­bi ba­sy­şyň gi­ňel­me­gi we pe­sel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gyz­gyn ho­wa ýo­ka­ry gal­dy­gy­ça gi­ňel­ýär. Gi­ňel­ýän ho­wa bol­sa ýy­ly­ly­gy ýi­ti­rip, so­wap baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, be­ýik­lik art­dy­gy­ça ho­wa so­wa­ýar. Mun­dan baş­ga-da, at­mos­fe­ra­nyň gyz­ma­gy, suw bug­la­ry­nyň dü­zü­mi we ho­wa­nyň gi­ňel­me­gi ýa­ly ýag­daý­lar at­mos­fe­ra­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy­na tä­sir ed­ýän beý­le­ki fak­tor­lar ha­sap­lan­ýar.