Gök kit. Gury ýerde we suwda ýaşaýan iň uly jandar bolan gök kitiň uzynlygy 30 metrden geçýär. Onuň dili pil ýaly, ýüregi ortaça awtoulag kysmyrak bolýar. Beýle äpet jandaryň golaýyna baran ähli zady ýuwudýandygyny pikir edýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz! Gök kitler suwda ýaşaýan iň kiçi organizm bolan planktonlar bilen iýmitlenýär. Planktonlaryň ululygy 1,5-2 santimetr çemesi bolýar. Ýagny iň uly jandarlar iň kiçi jandar bilen iýmitlenýär.
Torly piton. Ýylanlaryň bu görnüşiniň ortaça uzynlygy 4-5 metr aralygynda üýtgeýän hem bolsa, käwagt 10 metre golaý torly pitonlara hem gabat gelinýär. Olaryň agramy 350 kilograma çenli ýetýär. Bu ýylanlar zähersiz bolýar. Ýylanlaryň bu görnüşi Günorta-Gündogar Aziýadaky batgalyklarda, tropik tokaýlarda ýaşaýar.
Äpet kalmar (arhiteutis). Molýuskanyň kellaýakly bir görnüşi bolan bu jandarlar suwuň 1000 metr aşagynda ýaşaýar. Olaryň boýy 15 metre ýetýär. Jandaryň iň täsin tarapy, diametri 25 santimetre ýetýän gözleridir.
Kit akulasy. Suwda ýaşaýan iň iri ýyrtyjy jandar hasaplanýan kit akulasynyň uzynlygy 14 metre ýetýär. Köplenç Gün şöhlesiniň ýetmeýän garaňky çuňluklarynda ýaşaýan bu jandaryň agramy 20 tonna golaýlaýar. Kit akulasy Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynda ýaşaýar. Göwresiniň iridigine garamazdan, çeýeligi bilen tapawutlanýan bu deňiz jandary ýylda 12 müň kilometr ýol geçýär.
Kadýak aýysy. Polýar aýysynyň goňur görnüşi hasaplanýan bu ýyrtyjy jandaryň ady ýaşaýan ýeri bilen baglanyşyklydyr. Bu aýylar Alýaskanyň Kadýak adasynda we Kadýak arhipelagyndaky beýleki adalarda ýaşaýar. Ol gury ýerde ýaşaýan iň uly ýyrtyjy haýwan hasaplanýar. Azaşman, ýoluny tapmaga ökde bu aýylaryň boýy 2,8 metre ýetýär. Iň uly Kadýak aýysynyň agramy 780 kilograma ýetýär.
Komodo zemzeni. Indoneziýanyň gündogaryndaky tokaýlyklarda ýaşaýan komodo zemzeni hažžygyň iň uly görnüşi hasaplanýar. Olaryň uzynlygy 3 metre, agramy 200 kilograma çenli bolýar. Hernäçe uly hem bolsa, bu jandarlar adamlara topulmaýar.
Deňiz krokodili. Krokodilleriň jemi 22 görnüşi bolup, olar köplenç yssy ýurtlarda akar suwda ýaşaýar. Emma olaryň şor suwda, ýagny deňizde ýaşaýan görnüşi derýada ýaşaýan garyndaşlaryndan has uly. Deňiz krokodiliniň boýy 4-5 metr bolýar. Häzire çenli hasaba alnan iň uly krokodiliň uzynlygy 7,20 metre ýetýär. Ady deňiz krokodili bolsa-da, olar derýalarda hem ýaşaýar. Bu jandarlar Günorta-Gündogar Aziýada, Demirgazyk Awstraliýada we Hindistanyň gündogarynda ýaşaýar.
Žiraf. Bu jandarlaryň boýy beýleki haýwanlaryň ählisinden uzyn. Şol sebäpli žiraflar agaçlaryň beýik şahalaryndaky ýapraklar bilen iýmitlenýär. Olaryň boýy 6 metre ýetýär. Žiraflaryň derisindäki owadan nagyşlaryň her biri edil, adamyň barmak yzlary ýaly bir-birinden tapawutlydyr. Ýagny hiç bir žiraf beýlekisine meňzemeýär. Uzyn boýly jandary görmek üçin onuň ýaşaýan ýeri bolan Afrika gitmegiň zerurlygy ýok. Ony görmek üçin Köpetdagyň etegindäki Janly tebigatyň milli muzeýine baryp bilersiňiz.
Düýeguş. Uçup bilmeýän bu jandarlar häzirki wagtda dünýäniň iň uly guşlary hasaplanýar. Olaryň boýy 2,5 metr, agramy 90-145 kilogram aralygynda bolýar. Her bir jandaryň duşmanyndan goranmak ukyby bar. Iri ýyrtyjy haýwanlaryň ýaşaýan ýerinde gabat gelýän bu jandarlaryň aýaklary örän güýçli bolup, duşmanlaryndan gaçyp gutulýar. Düýeguşlar ýumurtgasyndan, etinden we perinden peýdalanmak maksady bilen fermalarda ösdürilip ýetişdirilýär.
Goliaf gurbagasy. Birnäçe ertekidir basnýanyň gahrymany bolan gurbagalar, esasan, suwda we suwa golaý ýerlerde ýaşaýar. Bu jandarlar Orta Afrika ýurtlary bolan Kamerunda we Ekwatorial Gwineýadaky batly akýan derýalaryň kenarlarynda ýaşaýar. Düýbi çägelik bolan bu derýalaryň suwunyň düzüminde köp mukdarda kislorodyň bolmagy gurbagalaryň ýaşamagy üçin zerur şert hasaplanýar. Goliaf gurbagasy 3 metre çenli aralyga böküp bilýär. Olar wagtyny gündizine suwda, gijesine daşarda geçirýär. Olaryň uzynlygy 32 santimetre, agramy 3,25 kilograma ýetýär.