Senagatda iň köp işlenilýän önümleriň biri bolan plastmassa soňky ýyllarda «tutuş dünýäni tutdy». Häzirki wagtda toplanýan galyndylaryň 60 göterimden gowragyny plastmassa önümleri emele getirýär. Ýagny her ýyl 350 million tonnadan gowrak plastik galyndy zibile taşlanýar. Soňky ýyllarda plastmassa önümlerinden ummanlary we tebigaty arassalamak babatda birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Birnäçe ýurtlarda plastmassa önümleriniň ulanylyşy çäklendirilýär. Käbir ýurtlarda bolsa plastik önümleri ulanmak gadagan edilýär. Gazetimiziň şu sanynda ekologiýa üçin iň zyýanly plastik önümler barada maglumat bermegi makul bildik.
Suw çüýşesi we plastik turbajyklar. Dünýäde her ýyl toplanýan hapalaryň, takmynan 90 göterimini plastik suw çüýşeleri we turbajyklar emele getirýär. Plastik suw çüýşeleridir turbajyklar ummanlara aralaşyp, deňiz jandarlarynyň ekoulgamyna öz täsirini ýetirýär. Oňurgasyz kiçijik deňiz jandarlary plastmassa bölejiklerini iýýärler. Balykdyr uly deňiz jandarlary hem gelip, plastmassa iýen kiçijik deňiz jandarlaryny ýuwudýarlar. Şeýlelikde, balykdyr deňiz jandarlarynyň köpüsi gyrgynçylyga sezewar bolýarlar. Deňiz jandarlarynyň galyp-gaçanlary hem tutulyp, bazarlara getirilýär. Şeýlelikde, plastmassa bölejigi iýmit zynjyry hökmünde aýlanyp başlaýar.
Maglumatlara görä, ABŞ-da her sekuntda 1500 plastik çüýşe suw içilýär. Bu plastik çüýşelerde adam bedenine ýaramaz täsir edýän BPA we phalat himiki maddalary bar. Mundan başga-da, dünýäde nebitiň 25 göterimi plastik çüýşeleri öndürmek üçin ulanylýar. Munuň öňüni almak üçin bolsa, plastik suw çüýşäniň deregine aýna çüýşejikleri öndürmeli bolýar. Aýna çüýşäni hem edil plastik çüýşe ýaly ýanyňda göterip, öýde we köpçülikleýin ýerlerde ulanyp bolar. Uzak wagtlap ulanmaga niýetlenendigi sebäpli, aýna çüýşäniň suwuny çalşyp durmaly. Şeýle hem şerbetdir dürli içimlikleri plastik turbajyk ulanmazdan, bambuk taýajyk ýa-da uzak wagtlap ulanyp bolýan poslamaýan metaldan ýasalan turbajyk bilen içmek maslahat berilýär.
Kofe içilýän plastik bulgurlar. Ekologiýany hapalaýan, iň köp ulanylýan plastik önümleriň sanawynda 3-nji ýerde kofe içilýän plastik bulgurlar gelýär. Aslynda, kofe içmek üçin jäç gaplaryň ulanylýandygyna garamazdan, köp ýurtda çaý ýa-da kofe içilýän bir gezeklik ulanylýan plastik bulgurlar öňdeligi eýeleýär. Maglumatlara görä, Awstraliýa kofe içilýän plastik bulgurlary iň köp ulanýan ýurt hasaplanýar. Kofe ýa-da çaý içmek üçin plastik bulguryň ornuna kiçijik kürüşge ýa-da aýna bulgur ulanyp bolar.
Plastik diş çotga. Diş çotgalaryň köpüsi neýlon tüýjagazdan we içinden sim geçýän plastmassa tutawaçdan durýar. Diş çotgasyny senagatda gaýtadan işläp bolmaýar. Şol sebäpli dişimizi arassalamak üçin her gün ulanýan bu enjamymyz ýylyň-ýylyna toplanyp, ekologiýa üçin zyýanly önümleriň birine öwrülýär. Plastik diş çotgasynyň ýerine bambukdan ýasalan biologik taýdan arassa diş çotgasyny ýa-da meswäk ulanyp bolar. Meswäk Gündogar ýurtlarynda irki döwürlerden bäri ulanylyp gelinýän arassaçylyk serişdesi bolup, zeýtun ýa-da dagdan agajyndan ýasalýar. 15 santimetr çemesi uzynlykdaky bu taýajygyň bir ujy kertik-kertik, beýleki ujy gyýçak bolýar.
Plastik torbalar. Dünýäniň käbir ýurdunda ulanylmagy gadagan edilendigine garamazdan, köp ýurtda her gün millionlarça plastik torbalar ulanylýar. Önümçilikde birnäçe gezek gaýtadan işlenilip, ýene-de söwda maksatly ulanylyşa goýberilýän plastik torbalar ekologiýa we saglyk üçin zyýanly önümleriň biri hasaplanýar. Plastik torbalaryň deregine matadan tikilen ýa-da kagyz torbalary ulanmak iň gowusydyr. Häziriki wagtda dünýäniň köp ýurdunda söwda maksatly kagyz torbajyklara uly üns berilýär.
Plastik iýmit gaplary. Ekologik hünärmenleriň köpüsi «Ilki bilen, plastik iýmit gaplaryndan dynmaly» diýen pikiri öňe sürýärler. Dogrudan hem, durmuşymyza giňden ornaşan plastik gapda nahar iýýäris, artykmaç iýmiti plastik gaba salyp goýýarys, hatda plastik gapda nahar hem gyzdyrýarys. Saglyk üçin örän howply bolan plastik gaplary öýde we köpçülikleýin ýerlerde ulanyşdan aýyrmak kyn däl. Sebäbi plastik gabyň ornuny tutýan agaçdan, metaldan we farfordan ýasalan gaplar sanardan kän. Aslynda, durmuşda plastmassa gaba zerurlyk hem duýlanok. Köplenç nahar salnan gabyň, işdäaçaryň we miweleriň üstüne plastik örtgi (paket) ýapylýar. Biologik taýdan adama zyýanly hasaplanýan plastik örtginiň deregine farfor gapak ýa-da jäjem gabyň özüni ýapyp bolar.