Gün­ba­tar Or­lan­do­nyň (ABŞ) «Crui­se Tails» we «Expe­dia Crui­ses» kom­pa­ni­ýa­la­ry «ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek» eýe­le­ri bi­len bir­lik­de it­le­riň krui­zi­ni gur­na­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. «Mar­ga­ri­tavil­le at Sea» laý­ne­ri 2025-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Flo­ri­da şta­ty­nyň Tam­pa şä­he­rin­den Ka­rib deň­zi bo­ýun­ça ýo­la dü­şer. Sy­ýa­hat 250 ite we ola­ryň eýe­le­ri­ne ni­ýet­le­nen­dir.

Kruiz­de sy­ýa­hat et­mek üçin sy­ýa­hat­çy­lar we ola­ryň it­le­ri il­ki bi­len tas­syk­la­ma işin­den geç­me­li – ze­rur san­jym­la­ry alyp, sy­ýa­hat et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­me­li bo­lar. Gä­mi­de adam­lar we it­ler bel­li bir düz­gün­le­ri ber­jaý et­me­li, şeý­le-de ga­da­gan edi­len zo­lak­lar­dan daş­da dur­ma­ly bo­lar­lar. Gä­mi­de itleriň eýelerine ýö­ri­te gul­luk­çy bel­le­nip, ol sy­ýa­hat­çy­la­ryň ka­ýu­ta­la­ry­nyň we gä­mi­niň «gu­rat­ly­gy­na» gö­zeg­çi­lik eder. Sy­ýa­hat wag­tyn­da it ser­gi­le­ri we it­ler üçin ni­ýet­le­nen iň oňat ge­ýim bäs­le­şik­le­ri gu­ra­lar. Gä­mi­de it­le­re ti­mar ber­mek, gü­jük­ler üçin mas­saž ýa­ly hyz­mat­lar hem hö­dür­le­ner. Gu­ra­ma­çy­lar bu sy­ýa­ha­ty «it­ler üçin il­kin­ji kruiz» hök­mün­de ba­ha ber­se­ler-de, it­ler we pi­şik­ler bi­len sy­ýa­hat et­mä­ge ni­ýet­le­nen baş­ga-de gä­mi­ler bar.

Ja­han HAÝ­TE­KO­WA,

Da­ňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.