Du­baý Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň (BAE) go­la­ýyn­da «Jo­by Avia­ti­on» ae­ro­tak­si­le­ri üçin ni­ýet­le­nen dört wertipor­tuň il­kin­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­dy. Tak­si­ler bu ýer­den müş­de­ri­le­re 2026-njy ýy­lyň ba­şyn­da hyz­mat edip baş­lar.

Du­ba­ýyň mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy Şeýh Ham­dan bin Mu­ham­met bin Ra­şid Al-Mak­tum özü­niň Х jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da­ky ak­ka­un­dyn­da Du­baý Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da il­kin­ji ho­wa tak­si­le­ri üçin ni­ýet­le­nen be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.

– 3100 ine­dör­dül metr­lik des­ga ýyl­da 170 müň ýo­lag­ça hyz­mat edip bi­ler – di­ýip, Şeýh Ham­dan aýt­dy. Hyz­mat­lar 2026-njy ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de baş­la­nar.

Baş­lan­gyç tap­gyr­da şä­he­riň mer­ke­zin­dä­ki Du­baý Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de dört sa­ny wer­ti­port gur­lar. Bu ýer ae­ro­tak­si­le­re uç­ma­ga we gon­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän ýö­ri­te bö­lü­nip aý­ry­lan meý­dan­ça­dyr. «Jo­by Avia­ti­on» ho­wa tak­si­si sa­gat­da 320 ki­lo­met­re çen­li tiz­lik bi­len dört ýo­lag­çy­ny gat­na­dyp bi­ler.

Ogul­baý­ram GUR­BA­NO­WA,

My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň

Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylymlary ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.