Şu ýylyň 7-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ölçeglerine kybap düzümi döretmek – milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, adam hakynda hemmetaraplaýyn alada onuň esasyny düzýär. Aşgabatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan köp sanly täze binalar, ilkinji nobatda, ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary şol syýasatyň aýdyň nyşanlarydyr.
Iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny – aýry-aýry etraplary gurmagy meýilleşdirmekden başlap, desgalary ulanmaga bermäge çenli ähli işleri öz gözegçiliginde saklaýar.
“Täze zaman” diýen simwoliki ada eýe bolan hem-de paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşen ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Şol gün bu ýerde iki we bir gatly jaýlaryň 1 müň 152-si ulanmaga berildi. Bulardan başga-da, 179,85 gektar meýdany eýeleýän bu tapgyryň täze binalarynyň hatarynda 600 orunlyk orta mekdep, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany bar.
Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Şeýle hem degişli ýol-ulag we inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutuldy. Ähli işler ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.
Ýeri gelende ýatlasak, “Täze zaman” ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji toplumy 2014-nji ýylda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açyldy. Soňra onuň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köpsanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalar bina edildi, birnäçe seýilgäh zolaklary guruldy.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler hem bar.
Hemmeler Türkmenistanyň Prezidentini uly joşgun bilen mähirli garşylaýarlar. Dabaraly pursat gelip ýetýär – Türkmenistanyň Baştutany ajaýyp bezelen derwezäniň ýanyna gelýär hem-de bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda çagalar bilen bilelikde dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär – “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry açylýar.
Hormatly Prezidentimiz çagalar bilen bilelikde, täze desgalar bilen tanyşmaga başlaýar. Ýol ugrunda milli Liderimizi ýerli ýaşaýjylar mähirli we ruhubelent ýagdaýda garşylaýarlar. Ol gün olar üçin şatlykly we ýatdan çykmajak güne öwrüldi.
Bu ýerde hakyky türkmen toýuna mahsus bolan myhmansöýerlik hem-de däbe öwrülen hödür-kerem etmek ýaly dessurlara beslenen dabara ýaýbaňlandy. Ähli ýerde ajaýyp aýdymlardyr sazlar ýaňlanyp, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi, türgenler sportuň dürli görnüşlerinde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Elbetde, ol gün baýramçylyga milli oýunlar hem öz öwüşginini çaýdy.
Ýaşaýyş toplumuň çäginde dikilen ak öýler, gadymdan gözbaş alýan halk däpleri, şol sanda toý dessury, behişdi bedewleri çapyp barýan atlylar, şeýle hem ýoluň ugrunda sahnalaşdyrylan Gündogar bazary dabara gaýtalanmajak özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu ýere uzak illerden üsti dürli harytly kerwen gelýär. Golaýda gadymy ylmy kitaplary okap oturan alymlary görmek bolýar. Bularyň hemmesi Beýik Ýüpek ýoly döwrüni janlandyrýar. Onuň bir ugry ençeme asyrlar mundan ozal türkmen topragyndan geçipdir, häzir bolsa täze mazmuna eýe bolup, gaýtadan dikeldilýär.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň durmuşynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen gurlan täze jaýlara bardy. Ýeri gelende aýtsak, “Täze zamany” gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde birnäçe görnüşdäki ýaşaýyş jaýlary: 5 otagly 2 gatly jaýlaryň 168-si hem-de 1 gatly jaýlaryň 284-si, 4 otagly, 1 gatly jaýlaryň 284-si hem-de 3 otagly jaýlaryň 416-sy bina edildi. Olaryň hemmesinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar, şol sanda giň otaglar, zerur bolan aşhana, durmuş tehnikalary we beýleki zatlar göz öňünde tutuldy. Her jaýyň mellek ýeri bolup, olar ekin we agaç nahallaryny oturtmak üçin niýetlenendir, şeýle hem awtoulag üçin ýer hem-de çörek bişirmek üçin tamdyr göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti iki gatly jaýlaryň birine baryp gördi.
Bu ýerde şol pursat jaý toýuny beýan edýän sahna görkezildi. Jaýyň howlusynda milli Liderimizi täze jaý eýeleri uly şatlyk duýgusy bilen garşyladylar. Bu ajaýyp 5 otagly kottej jaý “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk paýdarlar jemgyýetiniň awiatehnigi bolup işleýän Mergen Hojamämmedowyň maşgalasyna nesip etdi. Hormatly Prezidentimiz jaýa girip, bagtly öý eýelerini jaý toýy bilen gutlady, jaýyň otaglarynyň ýerleşişi we gurluşy, şeýle hem ýaşamak üçin döredilen amatlyklar bilen gyzyklandy.
Täze jaýyň eýesi häzir Türkmenistanda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp, hormatly Prezidentimize halkymyz barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzyň raýatlary üçin döwrebap jaýlary edinmäge döredilen mümkinçilik üçin maşgala agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz “Täze zaman“ ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan her bir jaýyň mellek ýeriniň bardygyny aýdyp, täze jaý eýelerine ony netijeli ulanmagy hem-de bu ýerde miweli agaçlary we gök ekinleri ekmegi maslahat berdi.
Milli Liderimiz täze jaýlary gözden geçirmegi dowam edip, bir gatly jaýlaryň birine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy täze jaý eýeleri uly şatlyk bilen garşylap, hormatly Prezidentimize türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerine berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Bu jaýa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkezde anesteziolog – reanimatolog bolup işleýän lukman Nurmuhammet Nazarowyň maşgalasy göçüp geldi. Onuň aýaly orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Dört sany çagalary – ogly we üç gyzy bar.
Döwlet Baştutanymyz jaý eýeleriniň ýaşaýyş şertleri, isleg-arzuwlary bilen gyzyklanyp, olary şatlykly waka bilen gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz täze jaýyň otaglarynyň ýerleşişi bilen tanşyp, bu ýerde döredilen şertlere ýokary baha berdi. Milli Liderimiz mellek ýerini netijeli peýdalanmak hem-de ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek baradaky gürrüňi nobatdaky gezek gozgamak bilen, bu ýerde dürli miweli baglaryň öz elleriň bilen ekilmeginiň şol işlere ýardam etjekdigini, saglyk üçin uly peýda berjekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti öý eýelerine täze jaý toýy mynasybetli gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildiren täze jaý eýeleri geljekde hem tutanýerli zähmet çekip, eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumyň seýilgäh zolagyna tarap ugrady. Ýol ugrunda döredijilik toparlary döwlet Baştutanymyzy dürli öwüşginli çykyşlary bilen garşylap, bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy, ähli ýerde şatlyk-şagalaň ýagdaýy emele geldi, halk senetleriniň ussatlary öz başarnyklaryny görkezdiler.
Şol gün “Täze zamanda” körpeler üçin çagalar baglarynyň ikisi gapylaryny giňden açdy, olarda çagalaryň sazlaşykly ösmegi hem-de wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.
Täze çagalar baglarynda körpeleriň özlerini örän oňaýly duýmagy üçin ähli şertler döredildi. Giň ýagty otaglar, şol sanda çagalaryň ýatmagyna niýetlenen rahat otaglar we ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurnalan naharhana körpeleriň ygtyýaryndadyr. Şeýle hem aýdym-saz we sport derslerini geçmek üçin şertler, lukmançylyk otagy bar. Çagalar baglarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, tomsuna gezim etmek üçin ýerler hem-de hemme degişli serişdeleri bolan oýun meýdançalary ýerleşdirilipdir.
Ozal belleýşimiz ýaly, ulanmaga tabşyrylýan täze gurluşyklaryň hatarynda “Täze zamanyň“ ýaşaýjylarynyň ýaş nesliniň döwrüň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli bilim alyp bilmegi, başarjaň, ruhy taýdan baý we beden taýdan berk ösmegi üçin hemme şertler döredilen ajaýyp mekdep hem bar.
Ýene-de bir möhüm durmuş desgasy – täze enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi bolup, ol 5 müň ilata maşgala ýörelgesi boýunça hyzmat etmäge niýetlenendir. Bu ýerde dünýä ölçeglerine laýyklykda, ähli şertler döredildi. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, zenanlara maslahat beriş, çaganyň irki ösüşi, fiziobejeriş, şeýle hem gündizki hassahana otaglaryndan ybaratdyr. Bu ýerde amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän lukmançylyk edarasynyň degişli ulgamyny goşmak bilen has oňaýly şertler döredilipdir.
“Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde dükan hem gurlup, alyjylara ýokary hilli hem-de islegine laýyk gelýän azyk önümleriniň köp dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ýörite ýer bölegi bölünip berlen seýilgäh zolagyna baryp, milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde ýaş agaç nahalyny oturdyp, täze ýaşyl zolagyň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly işe dabara gatnaşyjylaryň ählisi hem höwes bilen goşuldylar.
Hormatly Prezidentimiz dabara tamamlanandan soň, täze öý eýelerine ýene-de bir gezek saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi hem-de hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.