Duzuň gan basyşyny ýokarlandyrýandygy mälimdir. Hut şu sebäpli hem ony ýaňy-ýakyna çenli damarlaryň kesellemegi bilen baglanyşdyrdylar. Emma golaýda ABŞ-nyň Kornell uniwersitetiniň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlaglarda duzuň öte köp ulanylmagynyň immun öýjükleriniň köpelmegini tizleşdirýänligi zerarly huşsuzlyga, küteklige we infarkta alyp barýandygy belli boldy. Bu öýjükler beýni we ýürek üçin zerur bolan azot okisiniň emele gelmeginiň öňüne böwet bolýar. Mundan başga-da, bilermenler adamlaryň duzdan ýüz öwrüp bilmeýändiklerini belläp geçýärler. Onuň ujypsyz mukdary nerw öýjükleriniň we iýmit siňdiriş ulgamynyň işine ýardam bermek üçin zerur bolup durýar.
Alymlar gemrijilerde synag geçirdiler. Syçanlaryň iýmitine bolmalysyndan 8-16 esse artyk mukdarda duz goşdular. Birnäçe hepdeden soň, jandarlaryň bedeninde ýüze çykan üýtgeşmeler bellige alyndy. Olaryň beýnijigine barýan ganyň ýygnanmasy birden pese düşüp, ganyň basyşy ýokarlanypdyr, olaryň özüni alyp barşynda bolsa, huşsuzlygyň ilkinji alamatlary ýüze çykarylypdyr. Olaryň beýnijiginiň gan aýlanyş ulgamynda haýsydyr bir çiş ýa-da beýleki bozulmalar ýüze çykarylmady. Içegäniň mikroflorasynda analiz edilenden soňra, käbir ýagdaýlar aýdyňlaşdyryldy. Duzuň inçe içegede aýry immun öýjükleriniň işjeň köpelmegine mejbur edýändigi belli bolupdyr. Öýjükler interleýkin-17 işläp çykarýar. Haçan-da ol içegäniň öýjüklerine düşende, azotuň monookisiniň işläp çykmagyny birneme basýar. Bu birleşme bedeniň wajyp prosesleriniň giden toplumyny sazlamaga gatnaşýar. Alymlaryň pikirine görä, muňa iki ýol arkaly garşy durup bolýar: ýa duzy ulanmagy azaltmaly ýa-da duza arginin goşmaly. Onuň molekulalaryndan bedeniň öýjükleri azotuň monookisini öndürýär.