7-nji fewralda paýtagtymyzyň medeniýet durmuşynyň aýdyň wakasy “Karawajo Türkmenistanda” sergisiniň açylyşy boldy, ony Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem Italiýanyň ýurdumyzdaky Ilçihanasy bilelikde gurady. Sergi şol bir wagtyň özünde iki ýerde: Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem-de Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda beýik italýan suratkeşi Mikelanželo Merizi de Karawajonyň (1571-1610) eserleri bilen tanyşdyrýar. Sergide Karawajonyň sungatyny sanly tehnologiýanyň şöhleleri arkaly görüp bolýar. Ajaýyp reproduksiýalar eseriň hakyky ölçegi bilen deň gelýär, ýörite şöhlelendirmeler ýagtylyk-kölegesini geçirip, tomaşaçylarda örän uly täsir galdyrýar. Karawajo XVII asyr Ýewropa suratkeşliginiň realistik akymynyň düýbüni tutujy hasap edilýär. Onuň irki işleri – “Hassa Wakh”, “Lýutnýaçylar” ýaly eserleri täzeçillik hasap edilipdir. Reňkleriň sazlaşygy onuň suratlaryna öwüşgin berýär, onuň gahrymanlary durmuşa söýgüden doludyr we tomaşaça aýratyn lezzet berýär. Sergi 25-nji fewrala çenli dowam eder.