Bilermenler kakaonyň diňe bir çagalara däl, eýsem, ululara hem peýdalydygyny mälim etdiler. Bu hoşboý ysly içgi özüniň peýdaly häsiýetleri bilen dürli nähoşluklardan üstün çykmaga ukyplydyr. Bu içgi irden kofäniň hem ýerini tutup bilýär. Ol adam bedeni üçin juda peýdaly içimlik bolup, ynsan saglygyna, şeýle hem ýürege oňaýly täsir edýän antioksidantlara baýdyr. Şeýle hem alymlar bu içimligiň adam beýnisini, ýüregiň we beýleki beden agzalarynyň işini gurplandyrýandygyny hem-de kuwwata getirýändigini ýüze çykardylar.
Ýokary gan basyşy bolanlara kakao içmek maslahat berilýär. Bu içginiň düzüminde В2, РР, ВI, foliel kislotasy we beýleki köpsanly peýdaly maddalar bar. Alymlar barlaglar arkaly bu ýakymly içginiň gipertoniýa bilen oňat göreşýändigini we göwnüňi göterýändigini subut etdiler. Şeýle hem barlaglaryň netijesinde, kakaonyň onkologik nähoşluklar bilen aýgytly göreşýändigi, dişleri çüýremekden we daşyny gatlak tutmakdan goraýandygy belli boldy. Bu içgi kakao allergiýasy bar bolanlara maslahat berilmeýär.