Afrika yklymy äpet guşlaryň biri bolan düýeguşlaryň mekany hasaplanýar. Täsin hereketleri bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýän bu guşlar uçup bilmeýändigine garamazdan, sagatda 50-70 kilometr tizlikde ylgap bilýärler. Käte haýwanat bagynda ýa-da janly-jandarlaryň ýaşaýşy barada ýaýlyma goýberilýän wideofilmlerde bu äpet guşlaryň kellesini guma ýa-da ot-çöpüň arasynda gizleýändigini görýäris. Köpler munuň sebäbini «Düýeguş daşky howplardan gizlenmek üçin şeýdýär» diýip düşündirýärler. Eýsem, hakykatdanam düýeguşlar goranmak ýa-da gizlenmek üçin kellesini guma sokýarmy?
Boýunyň 2,5 metrdigine, agramynyň 150 kilogramdan geçýändigine garamazdan, düýeguşuň kiçijik kellesi bar. Inçejik uzyn boýunly bu guşlaryň kamera meňzeş kiçijik kellesi olary gülkünç hem täsin görkezýär. Düýeguşlar ýumurtgalaýan möwsüminde kellesi we çüňki bilen ýerden çukur gazýarlar. Ýumurtgalaryny çukura gömüp, her gün çüňki bilen öwrüp durýarlar. Bu ýagdaýa uzakdan seredeniňde, düýeguşlar kellesini guma gizleýän ýaly görünýär. Mundan başga-da, bu äpet guşlar ösümlikleri iýenlerinde kellesi aşak bolansoň, uzakdan seredeniňde kellesini aşakda gizleýän ýaly görünýär.
Ýalňyş ynançlar
Düýeguş barada iň köp ýaýran ynançlaryň biri hem howp abananda kellesini ýere gömýär diýen gürrüňdir. Bu ynanç hakykata we ylma esaslanmaýar. Aslynda, bu ynanç Rim tebigaty öwrenijisi Plininiň düýeguşlar baradaky ýazgylaryndan gelip çykýar. Plini düýeguşlar howp abananda özüni gizlemek üçin kellesini guma sokýarlar diýip ýazýar. Ýöne bu maglumat ylmy taýdan goldanylmaýar. Sebäbi bu guşlar dürli howplardan ylgap gaçmak arkaly goranýarlar. Sagatda 70 kilometr tizlikde ylgap bilýändiginden çen tutsaň, düýeguşlar näme üçin kellesini guma gizlesin?! Şeýle hem bu guşlar kellesini guma sokup gizlense, howa ýetmän heläk bolarlar.