Her ýylyň ahyrynda haýsy sözüň ýylyň adyna mynasypdygyny kesgitlemek üçin Kembrij sözlüginiň agzalary gözleg maglumatlarynda seljerme işlerini geçirýärler. 2024-nji ýylda iň köp ulanylan täsirli söz hökmünde «manifest» saýlandy. Kembrij sözlüginiň agzalary ýylyň sözüni saýlanda 3 esasy ölçegi göz öňünde tutup, «Haýsy söz internet ulgamynda iň köp gözlendi we meşhur boldy? Şol ýyl bolup geçen wakany haýsy söz has täsirli beýan etdi? Bu söz dil taýdan näme üçin gyzykly?» diýen soraglara jogap gözleýärler. Olar ýylyň sözüni ulanylyş gerimine, täsir edijiligine (sözüň güýji) we dil aýratynlygyna esaslanmak arkaly saýlaýarlar.
«Manifest» şu ýylyň iň köp ulanylýan sözleriniň biri bolup, internetde 130 müň gezek gözlenipdir. Bu söz 2023-nji ýylda Kembrij sözlügine täze manylaryny düşündirmek arkaly gaýtadan goşuldy. «Manifest» sözi irki ýyllarda fransuz we latyn dillerinde «karz almak» diýen manyda ulanylypdyr. «Manifest» adalgasy bilen baglanyşykly ilkinji ýazgylara 1300-nji ýyllaryň ortalarynda duş gelmek bolýar. «Hereketde ýüze çykarylan, görünýän ýa-da aç-açan» diýen manyda latynçadan iňlis diline geçen bu söz bir zady çürt-kesik açyp görkezmek bilen baglanyşykly jümlelerde ulanylýar.
Ilkibaşda özara gepleşikde ulanylan «manifest» häzirki wagtda sosial medianyň, esasy habar beriş serişdeleriniň moda sözi hasaplanýar. Hatda iňlis-alban aýdymçysy Dua Lipa, Olimpiýa gimnastikaçysy Simone Baýlz, hindi-britan aktrisasy Alia Batt we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Olli Wotkins ýaly meşhurlar hem üstünliklerini bu söz bilen aýtdylar.
Bu söz bir zady görkezmek, isleýän zadyňa ýetmegi göz öňüne getirmek we munuň amala aşjakdygyna ynanmak ýaly manylarda hem ulanylýar. Bulardan başga-da, «manifest» şübhesiz subut etmek, barlygy ýüze çykarmak, subutnamalary görkezmek, aýdyň we düşnükli, görnüp duran, kesgitli, aýdyp bolmajak, inkär edip bolmajak diýen manylary hem aňladýar. «Manifest» köplenç arzuw etmek, maksadyňa ýetmek, gowulyga ýetmek ýaly sözler bilen bilelikde söz düzümi görnüşinde hem ulanylýar.