Hy­ta­ýyň Huang­luo oba­sy uzyn saç­ly ze­nan­la­ryň me­ka­ny ha­sap­lan­ýar. Huang­luo oba­sy­nyň ga­dy­my däp-des­sur­la­ry do­wam et­dir­ýän ze­nan­la­ry öz saç­la­ry­ny iň gym­mat­ly baý­lyk ha­sap­la­ýar­lar. Bu ga­dy­my otu­rym­ly ýer Hy­taý­da «Uzyn saç­ly oba» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Hat­da bu ýer Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by ta­ra­pyn­dan «Dün­ýä­niň iň uzyn saç­ly oba­sy» hök­mün­de yk­rar edil­di. Bu oba­da­ky ze­nan­la­ryň äh­li­si sa­çy­ny
2 met­re çen­li ös­dür­ýär­ler we sa­çy­ny çe­ýe hem sag­dyn sak­la­ma­gy ba­şar­ýar­lar. Eý­sem, Huang­luo oba­sy­nyň ze­nan­la­ry­nyň sa­çy­nyň uzyn bol­ma­gy­nyň sy­ry nä­me­de?!

Hi­mi­ki se­riş­de we şam­pun ulan­ma­ýan bu oba­nyň ze­nan­la­ry sa­çy­ny te­bi­gy mel­hem­le­re ýuw­ýar­lar. Oba­da saç ýuw­mak üçin, esa­san, tü­wi ula­nyl­ýar. Tü­wi dü­zü­min­de saç üçin peý­da­ly fer­ment­le­ri we mad­da­la­ry sak­la­ýar. Ze­nan­lar tü­wi­ni ýu­wup ýa-da gaý­na­dyp su­wu­ny al­ýar­lar. Huang­luo oba­sy­nyň uzyn saç­ly ze­nan­la­ry sa­çy­ny il­ki akar suw­da ýu­wup, soň­ra tü­wi­niň su­wu­na ba­tyr­ýar­lar.
Oba ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da ga­dym­dan do­wam edip gel­ýän «Uzyn saç – uzak ömür, baý­lyk we bagt ge­tir­ýär» di­ýen yrym bar. Bu yry­ma gö­rä, ze­na­nyň sa­çy nä­çe uzyn bol­sa, şon­ça-da bagt­ly bol­ýar.
Huang­luo oba­sy­nyň düz­gü­ni­ne gö­rä, gyz­la­ra 18 ýaşynyň do­lan gü­nün­de di­ňe bir ge­zek sa­çy­ny kes­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Em­ma ke­si­len uzyn sa­çy­ny sat­mak ýa-da zyň­mak ga­da­gan edil­ýär. Gyz­lar ke­sen sa­çy­ny eje­si­ne ber­ýär­ler. Gyz dur­mu­şa çy­kan­da bol­sa, ke­si­len saç ýi­gi­de gy­zyň hos­sar­la­ry ta­ra­pyn­dan sow­gat be­ril­ýär. Oba­da ze­nan­la­ryň sa­çy­ny nä­dip ören­di­gi­ne se­re­dip, ola­ryň ýag­da­ýy­ny bi­lip bol­ýar. My­sal üçin, ze­nan­lar sa­çy­ny örüp, kel­le­si­niň de­pe­sin­de te­ge­lek gör­nüş­de ýyg­nan bol­sa, dur­mu­şa çy­kan­dy­gy­ny, ýö­ne en­tek per­zen­di­niň ýok­du­gy­ny aň­lad­ýar. Eger-de kel­le­si­ne ga­ra şarf orap, sa­çy­ny giz­län bol­sa, ça­ga­sy­nyň bar­dy­gy­ny we sa­çy­ny di­ňe adam­sy­nyň gö­rüp bil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­ýär. Umu­man, tä­sin düz­gün­le­re eýer­ýän bu oba­nyň ze­nan­la­ry­nyň sa­çy­na 80 ýa­şy­na ýet­ýän­çä ak gir­me­ýär. Uzyn saç­ly ze­nan­la­ryň ulan­ýan an­ti­ok­si­dant­la­ra, mi­ne­ral­la­ra we E wi­ta­mi­ne baý tur­şum­tyk tü­wi su­wy iň ga­dy­my şam­pun ha­sap­lan­ýar.
82 öý­li, 400 adam­dan gow­rak ila­ty bo­lan Huang­luo oba­sy Gui­lin şä­he­rin­den 100 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Oba­da 60-dan gow­rak uzyn saç­ly ze­nan ýa­şa­ýar. Er­te­ki­ler­dä­ki şa gy­zy­nyň sa­çy­na meň­ze­ýän uzyn saç­ly oba ze­nan­la­ry köp­lenç mil­li ly­bas­la­ry bo­lan ýü­pek ma­ta­dan keş­de­le­nip ti­ki­len gy­zyl köý­nek geý­ýär­ler. Şol se­bäp­li il için­de Huang­luo oba­sy­na «Gy­zyl oba» hem di­ýil­ýär. Ir­ki ýyl­lar­da oba düz­gü­ni­ne gö­rä, ze­nan­la­ra adam­syn­dan we ça­ga­la­ryn­dan baş­ga ada­ma sa­çy­ny gör­kez­mä­ge rug­sat be­ril­me­ýär­di. Ze­nan­la­ryň köp­çü­lik bo­lup akar su­wuň ba­şyn­da saç ýuw­ma­gy hem ga­dagan edi­lip­di. Bu kö­ne düz­gün­ler 1980-nji ýyl­la­ryň ahy­ryn­da ýa­ty­ryl­dy we däp-des­sur­lar tä­ze­den di­kel­dil­di. 2000-nji ýyl­lar­dan soň oba köp san­ly sy­ýa­hat­çy ba­ryp, Hy­ta­ýyň iň gör­nük­li ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.