16 – 18-nji dekabrda Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, sergide oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň täze döredilen tohumlary, dökünler, himiki serişdeler hem-de azyk önümlerini gaplamagyň tehnologiýalary tanyşdyrylar.

Ýeri gelende bellesek, «Iran Agrofood» oba hojalyk we azyk senagatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergidir. Onda oba hojalyk toplumynyň gazananlary, gaýtadan işleýji we gaplaýjy tehnologiýalar, enjamlar hem-de himiki serişdeler tanyşdyrylýar. Sergi işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.