2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyna täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Gaýipowyň Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçä ynanç hatynyň nusgalaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin alyp barýan işlerine eýran tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygy hökmünde iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynanyşmaga daýanýan we konstruktiw häsiýetli dialogyň çykyş edýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigi bellenildi.
Ilçi I.Gaýipow hem öz gezeginde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.