BBC korporasiýasy dünýäniň ylham beriji we täsirli 100 zenanyň her ýylky sanawyny mälim etdi. 2024-nji ýylyň sanawyna alymlar, syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, türgenler we sungat işgärleri girdi. Esasan-da, sanawa girenleriň arasynda Nobeliň fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýragynyň eýesi amerikaly biohimik Katalin Kariko, şeýle hem Nobeliň parahatçylyk boýunça baýragyň eýesi, adam hukuklaryny goraýjy yrakly Nadiýa Murad bar.
Türgenleriň arasynda amerikaly belli ýeňil atletikaçy Ellison Feliks, Olimpiýa medalynyň altysyny gazanan braziliýaly gimnastikaçy Rebeka Andrade, owgan parathekwondoçy Zakiýa Hudadadi, şeýle hem, Pariž Olimpiadasyna alyp baran mahmal pili bilen jemgyýetçilik torlarynyň ünsüni çeken günorta koreýaly atyjy Kim Ýe Ji bar.
Sanawda syýasatçylar hem göze ilýär. Olaryň arasynda Täze Zelandiýanyň parlamentiniň iň ýaş agzasy bolan maori zenany Hana-Rawiti Maýpi-Klarky öňe saýlanýar. Sanawda howanyň üýtgemegine garşy göreşiji Adenike Oladosu hem bar. Şeýle-de sanawa NASA-nyň astronawty Sunita Uillýams hem girdi. Özbegistanly tikinçi we işewür Dilorom Ýuldoşewa köpleriň ünsüni özüne çekdi. Iki ýyl ozal bolan betbagtçylykly wakada ol iki aýagyny aldyrdy, ýöne umytdan düşmän, öz hususy tikinçilik bölümini açmagy ýüregine düwdi. Ol bu hünäri köp sanly zenana öwretdi we göreldesi bilen köpleri ruhlandyrmagyň hötdesinden geldi.
Sanawda Gyrgyzystanyň wekili Žanylsynzat Turganbaýewa hem aýratyn orun aldy. Bişkekdäki etnologiýa muzeýine ýolbaşçylyk edýän Žanylsynzat öz ýurdunyň edebiýatyny, şol sanda “Manas” eposyny gorap saklamak we geljekki nesillere miras galdyrmak boýunça işlere işjeň gatnaşýar. Sanawyň iň meşhur wekili Golliwudyň aktrisasy Şeron Stoun boldy. “Onuň öndürijilikli aktýorçylyk karýerasy haýyr-sahawat işleri bilen utgaşdy.