Gresiýada suw ýetmezçiliginiň öňüni almak maksady bilen taryhy taslama durmuşa geçiriler. Taslamanyň çäklerinde döwrebap çözgütler bilen bir hatarda taryhy usullardan hem peýdalanylar. Taslamanyň çäklerinde Afinydaky Gadymy Rim döwründen galan Adrian akwedugy gaýtadan ulanmaga berler. Akweduklar köpri şekilli binalar bolup, dag eteklerindäki suwy ilatly ýere akdyrmak üçin ulanylypdyr. 140-njy ýylda gurlan Adrian akwedugynyň uzynlygy 23 kilometre barabar bolup, köp bölegi ýeriň astyndan geçýär. Ýüzlerçe ýyllap, şäheri suw bilen üpjün etmekde peýdalanylan bu desga geçen asyryň başynda uly suw howdanynyň gurulmagy bilen ulanyşdan galypdyr. Emma bu desganyň gaýtadan ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Taslama ýolbaşçylyk edýän Kristos Jiowanopulos akwadukdan henizem suw akýandygyny, emma onuň deňze guýýandygyny aýtdy. Taslamanyň çäklerinde 4 kilometrlik turbageçiriji gurlup, akwadukdan akýan suw öýlerde, mekdeplerde we seýilgählerde ulanmak üçin peýdalanylar.