Gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi we Özbegistan Respublikasynyň Gümrük instituty 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
10-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň Gümrük institutynyň mugallymlary bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk 2022-nji ýyldaky Işgärleri taýýarlamak çygrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň çäginde guraldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, okatmagyň täze tehnologiýalaryny we usullaryny alyşmak we hünär kämilleşdiriş okuwlary boýunça birek-birek üçin sapaklary geçirmek barada meselelere seretdiler. Duşuşygyň dowamynda Harytlary kodlaşdyrmak boýunça sazlaşdyrylan ulgam boýunça 10 sanly kody ulanmak boýunça Özbegistanyň tejribesini öwrenmek meselesi hem gozgaldy we şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin degişli okuwy guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar, Gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň we Özbegistan Respublikasynyň Gümrük institutynyň arasyndaky 2025-nji ýyl bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.