Angliýada şowsuz günleri başdan geçirýän “Mançester Ýunaýted” Italiýanyň ýeňlişsiz topary “Romany” kabul etdi. Oýna myhmanlar erjellik bilen başlaş, eýýäm 20 minut dolmanka 2-0 hasabynda öňe saýlandylar. Rimlileri öňe çykaran gollary 11-nji minutda Sule bilen 18-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Malen geçirdi. Ýöne ruhdan düşmedik “Mançester Ýunaýted” ilki 58-nji minutda Bruno Fernandeşiň gaýtadan uran 11 metrlik jerime urgusyndan aratapawudy 1 gola düşürdi. Oýnuň 83-nji minutynda Mateus Kunýa hasaby deňledi. Ol 86-njy minutda-da mankunianlary öňe geçirdi. 90+1-nji minutda bolsa gyzyl kart aldy. Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 9 oýundan soň ilkinji ýeňşini gazandy. “Mançester Ýunaýted” bu ýaryşyň taryhynda 4-nji gezek 2-0-dan 3-2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.