15-nji dekabrda ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy şa­dy­ýan aý­dym­la­ryň, aja­ýyp saz­la­ryň owa­zy­nyň as­tyn­da we ýa­şa­jyk türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ren tans­ly kom­po­zi­si­ýa­la­ry bi­len dür­li yşyk­lar­da ýal­kym saç­dy. Mu­nuň özi uzak ga­ra­şy­lan, hem­me­ler üçin ýa­kym­ly Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry­na öz­bo­luş­ly ba­dal­ga bol­dy.
Baş ar­ça­nyň yşyk­la­ry­ny ýak­mak da­ba­ra­sy her ýyl “Älem” me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ge­çi­ril­ýär. Bu ýer­de asyl­ly dä­be gö­rä, giň ge­rim­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Se­kiz­burç­ly ýyl­dyz we “2025” ýaz­gy bi­len be­ze­len, köp san­ly kü­müş­söw gar­ja­gaz­lar­da, dür­li öwüş­gin­dä­ki yşyk­lar­da ýal­kym saç­ýan Baş ar­ça­nyň be­ýik­li­gi 44 met­re, ini bol­sa 16 met­re deň­dir.
Ar­ça­nyň tö­we­re­gin­de ça­ga­la­ryň hem-de paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­nyň müň­ler­çe­si, halk dö­re­di­ji­lik we tans to­par­la­ry, toý ly­bas­la­ry­ny geý­nen sirk hem teatr ar­tist­le­ri, er­te­ki­le­riň gah­ry­man­la­ry ýyg­na­nyp, haý­ran gal­dy­ry­jy çy­kyş­la­ryň baş­lan­ma­gy­na ga­raş­ýar­lar. Aýaz­ba­ba we Gar­pa­myk ola­ryň baý­ram­çy­ly­gy­na gel­mä­ge how­lug­ýar. Ola­ryň ýo­ly Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki Ar­ka­dag şä­he­ri­niň şa­ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän “Po­lat­ly” heý­kel top­lu­my­nyň ýa­nyn­da, er­te­ki gah­ry­ma­ny Ak­pa­my­gyň we şa­dy­ýan Jap­bak­la­ryň ug­rat­ma­gyn­da ba­dal­ga al­ýar.
Soň­ra Aýaz­ba­ba, Gar­pa­myk, ola­ryň ýol­daş­la­ry “Ak­han” bi­na­sy­na we Ar­ka­dag şä­he­ri­niň baş ar­ça­sy otur­dy­lan meý­dan­ça ta­rap ug­ra­ýar­lar. Bu ýer­de ola­ry Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ry­nyň we Gö­rog­ly adyn­da­ky döw­let at­çy­lyk sir­ki­niň ar­tist­le­ri öz baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Sa­hy Jep­ba­row adyn­da­ky ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň, Şü­kür bag­şy adyn­da­ky ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň ta­lyp­la­ry­dyr okuw­çy­la­ry hem myh­man­lar üçin dö­re­di­ji­lik sow­gat­la­ry­ny taý­ýar­lap­dyr­lar. Ýo­lug­ru­na Ar­ka­dag şä­he­ri­niň aja­ýyp bi­na­la­ry bi­len tan­şan Aýaz­ba­ba we onuň dost­la­ry her des­ga­nyň ýa­nyn­da bag­ty­ýar­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy. Soň­ra ola­ryň ýo­ly paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­ne ta­rap ugur al­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sir­ki­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da otur­dy­lan ar­ça­nyň ýa­nyn­da myh­man­la­ry ça­ga­lar we er­te­ki gah­ry­ma­ny bo­lan akyl­ly Ah­met şa­dy­ýan mü­bä­rek­le­di­ler. Ar­ça­nyň ýa­nyn­da ga­dyr­ly myh­man­la­ry dö­re­di­ji­lik, hor to­par­la­ry sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­la­ry, ça­ga­lar bol­sa şa­dy­ýan goş­gu­dyr aý­dym­la­ry bi­len be­gen­dir­di­ler. Soň­ra Aýaz­ba­ba­nyň paý­tu­ny “Yl­ham” se­ýil­gä­hi­ne ta­rap ýo­la düş­ýär. Bu ýer­de ola­ry Mäm­met­jan at­ly er­te­ki gah­ry­ma­ny gar­şy­la­ýar. Joş­gun­ly aý­dym-saz­lar, gül­kü­li sah­na oýun­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, ýa­şa­jyk tans­çy­lar öz çy­kyş­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. “Yl­ham” se­ýil­gä­hi­niň paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň iň söý­gü­li ýer­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu ýer­de ge­ze­lenç et­mek ada­ma ha­ky­ky dö­re­di­ji­lik yl­ha­my­ny ba­gyş­la­ýar.
Her ýyl ýa­şa­jyk aş­ga­bat­ly­lar Aýaz­ba­ba­ny we onuň ag­ty­gy Gar­pa­my­gy Baş ar­ça­nyň ýa­nyn­da gar­şy­lap, köp ga­ra­şy­lan myh­man­la­ry ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ös­ýän baş şä­he­ri­niň keş­bin­de ge­çen ýyl­da bo­lup ge­çen öz­ge­riş­lik­ler bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. Ine, bu gün hem öz­bo­luş­ly sy­ýa­ha­ta gat­na­şy­jy­lar “Ar­kaç” söw­da-dynç alyş mer­ke­zi­ne ba­ryp gör­dü­ler. Bu ýer­de ola­ry er­te­ki gah­ry­ma­ny ga­ra­gol­ja Ýar­ty­gu­lak gar­şy­la­dy. Olar Türk­men döw­let gur­jak te­at­ry­nyň sah­na eser­le­ri­ne we aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry­na to­ma­şa et­di­ler.
Soň­ra Aýaz­ba­ba­dyr Gar­pa­myk ak paý­tun­da Aşyr dä­dä­niň we paý­tag­ty­my­zyň ýa­şa­jyk ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ug­rat­ma­gyn­da iki gat­ly be­ze­len aw­to­bus­da paý­tag­ty­my­zyň baý­ram­çy­lyk ly­ba­syn­da­ky kö­çe­le­ri bo­ýun­ça sy­ýa­hat­la­ry­ny do­wam ed­ýär­ler. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar be­lent ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça he­re­ket edip, Aş­ga­ba­dyň döw­re­bap bi­na­la­ry­nyň bi­na­gär­lik keş­bi­ni syn­la­dy­lar.
Baý­ram­çy­lyk ker­we­ni Baş ar­ça otur­dy­lan “Älem” me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň ýa­ny­na gel­ýär. Er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly ja­dy­ly gör­nüş­ler hem­me­ler üçin eziz bo­lan baý­ra­myň go­laý­lap gel­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu ýer­de dö­re­di­len “ja­dy­ly” meý­dan­ça­nyň gi­rel­ge­si­niň ýa­nyn­da türk­men er­te­ki­le­ri­niň, ça­ga­la­ryň söý­gü­li mult­film­le­ri­niň gah­ry­man­la­ry­nyň keşp­le­ri myh­man­lar­da aý­ra­tyn tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar.
Ine-de, ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da aja­ýyp da­ba­ra ba­dal­ga al­ýar. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2024-nji ýy­lyň we tä­ze, 2025-nji ýy­lyň ny­şan­la­ry­nyň keş­bi­ni jan­lan­dy­ran ýa­şa­jyk ar­tist­ler öz goş­gu­la­ry­ny gyş gah­ry­man­la­ry­na ba­gyş­la­dy­lar. Paý­tag­ty­my­zyň teatr to­par­la­ry, ýa­şa­jyk ar­tist­ler, meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­la­ry taý­ýar­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len ar­ça­nyň tö­we­re­gi­ni er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly baý­ram­çy­lyk dün­ýä­si­ne bes­le­di­ler.
Aýaz­ba­ba we Gar­pa­myk da­ba­ra gat­naş­ýan äh­li kör­pe­le­riň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de äh­li türk­men hal­ky­na ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny be­ýan edip, bag­ty­ýar­lyk, Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler.
Bag­ty­ýar ça­ga­lyk Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler üçin Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de döw­re­bap mek­dep­ler, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry, sport meý­dan­ça­la­ry, sta­di­on­lar, me­de­ni we bi­lim mer­kez­le­ri gu­rul­ýar. Olar­da ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik ze­hin­le­ri­ni aç­mak­la­ry, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur şert­ler bar.
…Kör­pe­le­riň is­le­gi bi­len Aýaz­ba­ba­nyň ja­dy­ly ta­ýa­gy­nyň kö­me­gi bi­len owa­dan be­ze­len ar­ça­nyň yşyk­la­ry­nyň ýa­kyl­ma­gy bu ýer­de gu­ra­lan da­ba­ra­nyň iň tä­sir­li pur­sa­dy­na öw­rül­di. Şol pur­sat ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da­ky şä­her­le­riň baş meý­dan­ça­la­ryn­da gur­na­lan Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň äh­li­si hem ja­dy­ly yşyk­lar­da ýal­kym saç­dy. Bu ýer­ler­de-de kö­pö­wüş­gin­li baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, aý­dym­dyr saz­lar be­lent­den ýaň­lan­dy. Ça­ga­lar öz şa­dy­ýan aý­dym­la­ry bi­len Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň da­şyn­dan aý­lan­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň adyn­dan süý­jü­lik­le­riň we sow­gat­la­ryň gow­şu­ryl­ma­gy ýa­şa­jyk türk­me­nis­tan­ly­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak pur­sa­da öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň Baş Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň ýa­nyn­da­ky il­kin­ji da­ba­ra ça­ga­lar hor to­pa­ry­nyň, meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len uly kon­sert bi­len ta­mam­lan­dy. Olar Tä­ze ýy­la ba­gyş­la­nan joş­gun­ly aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.