13-nji de­kabr­da ÝU­NES­KO-nyň Pa­riž­dä­ki Baş eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da «Lek­si­kog­ra­fi­ýa­da dün­ýä­niň kar­tog­ra­fi­ýa­sy: Di­wa­ny lu­gat at-türk ese­ri­niň 950 ýyl­ly­gy» at­ly hal­ka­ra kon­fe­ren­si­ýa ge­çi­ril­di.
Mas­la­hat tür­ki dün­ýä­si­niň we dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň gym­mat­ly ha­zy­na­sy bo­lan türk di­li­niň il­kin­ji en­sik­lo­pe­di­ki söz­lü­gi­niň (Di­wa­ny lu­gat at-türk) 950 ýyl­ly­gy­na, şeý­le hem onuň 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO-nyň şan­ly se­ne­le­ri­niň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi­ne ba­gyş­lan­dy.
Mas­la­ha­ta Fran­si­ýa­da akk­re­dit­le­nen tür­ki döw­let­le­ri­niň Il­çi­le­ri, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da­ky mil­li to­par­la­ry­nyň Jo­gap­kär sek­re­tar­la­ry, ÝU­NES­KO-nyň ýa­nyn­da­ky tür­ki ýurt­la­ry­nyň he­mi­şe­lik we­kil­le­ri we Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Weng­ri­ýa­nyň hem-de beý­le­ki döw­let­le­riň gör­nük­li alym­la­ry gat­naş­dy­lar.
Mas­la­hat­da ÝU­NES­KO-nyň we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, gör­nük­li gün­do­gar­şy­nas­lar we tür­ko­log­lar çy­kyş et­di­ler.
Türk me­de­ni­ýe­ti­niň we mi­ra­sy­nyň gaz­na­sy­nyň pre­zi­den­ti Ak­to­ty Ra­ýym­ku­lo­wa gi­riş sö­zün­de bu meş­hur ese­riň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni we hä­zir­ki wagt­da me­de­ni­ýe­ta­ra dia­lo­gy ös­dür­mek­dä­ki or­nu­ny nyg­ta­dy.
ÝU­NES­KO-nyň Af­ri­ka we da­şa­ry gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça Baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Fir­min Eduard Ma­to­ko bu ese­riň di­ňe bir tür­ki dün­ýä­si üçin däl, eý­sem bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy üçin hem uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
ÝU­NES­KO-nyň 42-nji Baş mas­la­ha­tyn­da «Di­wa­ny lu­gat at-türk» ese­ri­niň 950 ýyl­ly­gy 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO-nyň şan­ly se­ne­le­ri­niň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Bu ka­rar Weng­ri­ýa­nyň, Maw­ri­ta­ni­ýa­nyň, Ma­rok­ka­nyň, Ka­ta­ryň we Tä­ji­gis­ta­nyň gol­da­wy bi­len Tür­ki­ýä­niň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň bi­le­lik­dä­ki tek­li­bi esa­syn­da ka­bul edil­di.
Mas­la­hat ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da­ky mil­li to­par­la­ryň we ÝU­NES­KO-nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­la­ryň ýar­da­my bi­len ge­çi­ril­di.