Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralar geçirilýär. Bu şanly sene biziň ýurdumyz üçin ägirt uly taryhy ähmiýete eýedir, çünki 1992-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi biziň taryhymyzda täze sahypany açdy. Halk häkimiýetliliginiň gymmatlyklaryny berkarar etmäge kuwwatly itergi berdi, ösen häzirki zaman ykdysadyýetli, durmuş goraglylygynyň netijeli ulgamly, özboluşly milli medeniýetli, abraýly halkara syýasatly hukuk döwletini demokratiýalaşdyrmagyň, gurmagyň ýoluna ynamly gadam basan Türkmenistanyň döwletliligini hukuk taýdan resmileşdirmegiň mynasyp jemlenmesi boldy. Konstitusiýa – ýurduň möhüm, esas bolup durýan resminamasy, şonuň üçin hem Türkmenistanda Esasy Kanunyň kabul edilen güni ählihalk, döwlet baýramçylygy hökmünde bellenilýär.
Türkmenistanyň Baş Kanuny ynsany jemgyýetiň we döwletiň iň beýik gymmatlygy hökmünde ykrar etmek bilen, raýatlaryň hukuklarynyň hem-de erkiniň ygtybarly kepili, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ähli türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň pugta binýady bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy üýtgewsiz kadalary özünde jemlemek hem-de yzygiderli ösdürilýän resminama bolmak bilen, onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky sazlaşykly ösüşi hasaba almak arkaly üsti ýetirilýär hem-de kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ähli oňyn özgertmeleri, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täzeçil çemeleşmeleri özünde jemleýär.
Şanly Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny durmuşda amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. Ýurduň Esasy Kanuny adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde esasy resminama bolup çykyş edýär. Biziň Konstitusiýamyzda kesgitlenen ýörelgeler we kadalar, ähli ulgamlarda üstünlikleriň gazanylmagyna esas bolup hyzmat etdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen we 1995, 1999, 2003, 2006 we 2008-nji ýyllarda kämilleşdirilen ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň esasynda dolandyryşyň täze edaralary döredildi, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak amala aşyryldy. Raýatlara giň hukuklar we azatlyklar berildi, döredijilikli zähmet çekmäge we mynasyp durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň we onuň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň ykrar edilmegi, Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy halkara ülňülerine doly laýyk getirildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirýän işleri döwrümiziň möhüm wakalarynyň biridir. Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlarynyň bu ugurda ýokary derejeli hünärmenlerden, bilermenlerden ybarat agzalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda, hormatly Prezidentimiziň umumymilli derejeli maslahatlarda maksatnamalaýyn çykyşlarynda beýan eden garaýyşlary hem-de öňe süren hukuk taglymaty netijesinde, Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we merkezi metbugatda çap edilip, häzirki wagtda ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda ara alnyp maslahatlaşylýar.
Konstitusiýanyň esaslary we kadalary döwletiň baş maksady bolan ynsanperwer jemgyýeti gurmak, demokratiýanyň dabaralanmagy ýaly möhüm maksatlara ýetmegiň derwaýys şertleriniň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň özeni bolup hem-de beýleki kanunlaryň many-mazmunyny kesgitlemek bilen döwletimiziň ähli raýatlarynyň hukugynyň goraglylygyny üpjün etmegiň ygtybarly guralyna, jemgyýetiň durmuşynda möhüm baglanyşdyryjy güýjüne öwrüldi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni her bir raýat üçin mukaddes bolan parahatçylyk, adalatlylyk, ylalaşyk hem-de döwletlilik ýaly düşünjeleriň beýik nyşany hökmünde aňymyza ornaýar.
Belent ruhuň baýramçylygy bolan bu şanly senede halkymyzyň bir bitewi we rowaç döwlet hakyndaky köp asyrlyk arzuwynyň dabaralanmasy, döredijiligiň, rowaçlygyň we beýik üstünlikler bilen beslenen taryhy döwrüň ajaýyplygy öz beýanyny tapýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehini bilen dünýä inen goşgular türkmen halkynyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň senasyna öwrülip, asyrlarboýy türkmenleriň milli ruhunyň esasyny düzýän ähli ajaýyplyklary wasp edýär. Häzirki wagtda, ençe asyrlar aşsa-da, Magtymgulynyň belent ýörelgeleri, Watana bolan söýgüsiniň asylly duýgulary dürli döwletlerde ýaşaýan hemme hoşniýetli adamlara ýakyndyr we düşnüklidir, çünki her bir hakyky zehiniň hiç bir çäkleri bolmaýar hem-de ol wagta we giňişlige garaman, ynsan ýüreklerini bendi etmäge ukyplydyr. Bu ajaýyp bahar baýramçylygynyň öwüşgini Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda mähriban halkymyzy täze özgertmelere we ýeňişlere ruhlandyryp, ajaýyp Watanymyzyň durmuşyna şugla saçýar.
Beýik şahyr türkmen nusgawy edebiýatyny kämilleşdiren, Gündogar edebiýatyny baýlaşdyrmaga täsirini ýetiren beýik şahsyýetdir. Ol ornuny hiç kimiň tutup bilmejek we bahasyna ýetip bolmajak çuň manyly çeper goşgulary ýazan söz ussadydyr, filosof akyldardyr. Magtymguly Pyragy XVIII asyrda türkmen edebi dilini esaslandyrýar. Ol türkmeniň azatlygyny, garaşsyzlygyny arzuw edipdir. Külli türkmeni asudalyga, agzybirlige, jebislige çagyrýan goşgulary düzüpdir. Şeýdibem, tutuş halkyň belent söýgüsini gazanmagy başarypdyr.
Magtymguly goşgy ýazmaga ýaşlygyndan başlap, ylham çeşmesini halkyň ýaşaýan agyr günlerinden alypdyr. Şeýle halkylygy üçin onuň müňlerçe goşgusy häzirki günümize gelip ýetipdir. Magtymgulynyň ýazan eserlerinde, esasan hem, Watana söýgi, wepalylyk, agzybirlik, türkmenleriň jebisligi, sosial deňsizlik, öwütler, söýgi we mertlik, namartlyk, edermenlik, adamy sylamak, dostluk ýaly temalar bolupdyr.
Häzirki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Magtymgulynyň eserlerini dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şahyryň eserleri türk, iňlis, nemes, hytaý we rus dilleri ýaly 20-den gowrak dile terjime edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2014-nji ýyl meşhur akyldar şahyryň ýyly hökmünde bellendi. Türkmenistanyň halkara derejede iň gymmatly sylaglarynyň biri hökmünde ykrar edilen halkara derejeli Magtymguly baýragy şahyryň adyny göterýär. Şahyryň şanyna “Magtymguly” medaly hem döredilip, oňa ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet, sungat işgärleriniň ençemesi mynasyp boldy.
Beýik Magtymgulynyň asylly ýörelgeleri onuň döwürdeşleri üçin öňe alyp barýan we özüniň öçmejek hakykaty hem-de ynamy bilen ýollary ýagtyldýan watançylyk çagyryşy, türkmen halkynyň ruhy we maddy gymmatlygy bolup ýaňlandy. Şahyryň mertlik, erkinlik, jebislik, adalatlylyk hakyndaky şahyrana dünýägaraýşy umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Baş Kanunynda öz beýanyny tapdy. Konstitusiýanyň özenini öz içine alýan girişde eziz Watanymyza söýgini we wepalylygy, ýagşylyga we adalatlylyga bolan ynamy mukaddeslik hökmünde nesillerimize wesýet eden ata-babalarymyzyň ruhy mirasy baradaky pikiriň öz beýanyny tapmagy tötänden däldir. Şonuň üçin şanly 18-nji maý güni, türkmen halkynyň Garaşsyz ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi belleýän güni biz öz gadymy taryhymyzyň beýikligine akyl ýetirip, ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine öz hormatymyzy beýan edýäris. Bu baýramçylygyň ruhubelentlige beslenen adynda türkmen halkynyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň dabaralanmagy öz beýanyny tapýar.
Berkarar döwletimiziň dünýäniň ykdysady taýdan her ýyl durnukly ösýän, ajaýyp syýasatlary bilen tutuş adamzadyň belent söýgüsini gazanan bu bagtyýar günlerimizde merdana halkymyz bu ajaýyp baýramçylygy hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis birleşmek bilen uly ruhubelentlige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenýär.
Goý, merdana halkymyzyň ruhubelentligi, asudalygy, agzybirligi, jebisligi, ajaýyp ýaşaýyş-durmuşy hemişelik bolsun!
Bu belent rowaçlyklaryň başynda duran Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, belent tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Myratdurdy GARJANOW,
“Zaman-Türkmenistan”
gazetiniň baş redaktory.