USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda “Ynamly Kepil” koworking merkezinde geçirildi. Bu treninga grafiki dizaýn, programmirleme, terjimeçilik işi, sözleýşiň bozulmalaryny düzetmek, sosial medialarda mahabatlandyrmak we beýleki häzirki zaman ugurlarynda tejribesi bolan ýaş hünärmenleriň 24-si gatnaşdy.
Treningiň maksady, gatnaşyjylara halkara derejede öňdebaryjy frilanserlik meýdançalarynda (Upwork, Freelance, TopTal we ş.m.) üstünlikli işlemäge zerur bolan nazary we amaly bilimleri hem-de başarnyklary bermekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar frilanserlik işi boýunça taslamalary tapmak, müşderiler bilen aragatnaşygy guramak, öndürijiligi ýokarlandyryjy gurallaryny (Airtable, Asana) ulanmak, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek, töleg usullaryny ulanyp bilmek, şahsy brendini döretmek ýaly ugurlarda bilim aldylar. Şeýle-de olar frilanserlik işinde ýüze çykýan meseleleri we olaryň çözgüt ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw meýilnamasy gibrid formatda J.E. Austin Associates kompaniýasynyň halkara bilermeni Havier Moraledanyň gatnaşmagynda geçirildi. 7-nji dekabrda “Ynamly Kepil” koworking merkezinde frilanserlik işi boýunça geçirilen trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara sertifikat gowşurylyş dabarasy boldy. USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasynyň (YDA) çäginde geçirilen frilanserlik işi boýunça trening meýilnamasy gatnaşyjylara diňe bir tehniki başarnyklary bermek bilen çäklenmän, olaryň innowasion, uýgunlaşma we sanly ykdysadyýetiň çalt ösüşine görä özgerýän pikirleniş ukybyny hem ösdürdi. Bu maksatnama Türkmenistanda täze başlan frilanserleriň jemgyýetiniň döredilmegine, bilelikdäki ösüşe we tejribe, resurslaryň alyş-çalşyna mümkinçilik döretmäge ýardam berer. Şeýle-de, bu hyzmat eksportynyň ulgamynyň ösmegine goşant goşar. USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýakyn geljekde Türkmenistanda online frilanserligi ösdürmek ugrunda işi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.