“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň her bir täsirli güni hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen buýsançly wakalara beslenýär. Taryhy Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Diýarymyz bu günki günde Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany turba geçirijiler, polat ýollar hem-de döwrebap gara ýollar bilen birleşdirýän esasy ýurda öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen energetika hem-de ulag pudaklarynda durmuşa geçirilýän halkara derejesindäki taslamalar diňe bir mähriban türkmen halkymyzyň däl, eýsem, sebit halklarynyň hem ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, sebitdäki parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň has-da rowaçlanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle taslamalaryň hatarynda “Asyryň taslamasy” hökmünde atlandyrylan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini görkezmek bolar.
Şu ýylyň 23-nji fewraly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň hem-de taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Mary welaýatynyň çäklerinde Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy ýaly birnäçe halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (OYR) täze demir ýoly ulanmaga berildi.
Taryhy taýdan şeýle ähmiýetli çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi, Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri jenap Mobaşar Jawed Akbar we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabaraly çärelere gatnaşan daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlar milli Liderimiziň öňdengörüjilikli halkara başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp, şeýle iri taslamalaryň sebitiň ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döretjekdigini mälim etdiler.
TOPH GAZ GEÇIRIJISI:
MAKSAT HAKYKATA ÖWRÜLÝÄR
Mälim bolşy ýaly, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar, olaryň hatarynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy aýratyn orny eýeleýär.
Bilşimiz ýaly, TOPH taslamasy 2010-njy ýylda işjeň tapgyryna gadam basdy, şonda Aşgabatda bu taslama boýunça dört taraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. 2012–2016-njy ýyllarda bolsa, taslamanyň hukuk binýadynyň üsti ähli alyjylar bilen tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky ylalaşyklar, paýdarlar we maýa goýum ylalaşyklary bilen yzygiderli ýetirildi.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hökümetleri TOPH taslamasyny ilerletmek we oňa maýa goýmak üçin öz döwlet gaz kompaniýalaryny – “Turkmengaz”, Owgan gaz kärhanasy, “Inter State Gas Systems (Private) Limited” (Pakistan) we “GAIL Limited” (Hindistan) kompaniýalaryny bellediler.
Taslama türkmen gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermegi göz öňünde tutýan 1840 kilometr uzynlykdaky turba geçirijisiniň taslamasyny düzmek, gurmak, ulanmak we tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn işleri öz içine alýar. Bu taslama durmuşa geçirilenden soňra gaz geçirijisi arkaly bir ýylda 33 milliard kubometre barabar tebigy gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, TOPH taslamasynyň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda badalga berildi. Täze gaz geçirijiniň ilkinji sepini – simwoliki “altyn halkasyny” kebşirlemek mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Hindistanyň we Pakistanyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny “Türkmengaz” döwlet konserni öz üstüne aldy. “Galkynyş” iri gaz käni TOPH gaz geçirijisiniň serişde binýady bolar. Bu taslamanyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hökümetleriniň wekilleri örän ysnyşykly we netijeli işleýärler. Bu bolsa, TOPH taslamasynyň sebitiň ykdysadyýetini, ozaly bilen, senagat pudagyny, uly we kiçi işewürligi ösdürmek üçin örän möhüm bolup durýandygyny tassyklaýar. Taslama gatnaşýan ýurtlar arzan, ykdysady taýdan amatly we ekologik taýdan arassa gaz, şeýle hem gazyň üstaşyr geçirilmegi üçin goşmaça girdeji alarlar. Taslamanyň möhüm we uzak möhletleýin hyzmatdaşlarynyň ýene-de biriniň Aziýanyň ösüş bankynyň bolup durýandygyny bellemek gerek.
AÖB taslama ilkibaşdan gatnaşýar hem-de taslama hemmetaraplaýyn goldaw bermegini dowam edýär.
TOPH TASLAMASYNA ULY GYZYKLANMA
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän taslama köp sanly ýurtlar bilen bir hatarda, iri maliýe guramalary hem uly gyzyklanma bildirýär. Mälim bolşy ýaly, Saud Arabystany TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna maýa goýum serişdesini bermek başlangyjy bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna 2016-njy ýylyň maý aýynda bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy tarapyndan bu halkara derejesindäki taslama maýa goýumlary goýlar. Bu maliýe serişdelerini TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy tarapyndan berlen maýa goýumlary daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär, olar bu taslamanyň derwaýyslygyna hem-de kuwwatyna, onuň bähbitliligine ýokary baha berýärler.
Ýurdumyza yzygiderli gelýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bu taslama bilen içgin gyzyklanýar. Golaýda ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly hem türk kompaniýalarynyň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
ÖRÄN BÄHBITLI TASLAMA
Umuman aýdylanda, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy oňa gatnaşyjy ýurtlar hem-de sebit ýurtlary üçin örän bähbitli hem-de girdejili taslamadyr. Iň bärkisi, ol iň ýakyn goňşymyz Owganystan üçin has uly ähmiýete eýedir. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, bu taslama Owganystan hökümetiniň gaznasyna diňe tebigy gazy üstaşyr geçirmek arkaly 1 milliard dollar möçberinde girdeji gazanmaga mümkinçilik berer. Taslamanyň durmuş üpjünçiligi barada aýdylanda bolsa, bu taslamanyň ugrunda 12 müňden gowrak iş orunlary dörär.
Taslamanyň Günorta Aziýanyň iki iri ýurdy – Pakistanyň hem-de Hindistanyň energiýa serişdelerine bolan zerurlygyny kanagatlandyrmak babatda ähmiýeti diýseň uludyr.
ELEKTRIK GEÇIRIJISI HEM-DE
OPTIKI-SÜÝÜMLI ARAGATNAŞYK ULGAMY
Gadymy Mary topragyndaky buýsançly wakalaryň ýene-de biri Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine girişmek dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamy amala aşyrylar.
Bu taslama elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer, şol döwletleriň hökümetleri türkmen Lideriniň başyny başlan bu taslamasynyň tizden-tiz durmuşa geçirilmegine örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler.
Elektrik energiýasynyň önümçiligini hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen senagat önümçiliklerini gurmak Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda 2013–2020-nji ýyllarda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde eýýäm gazturbina elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy.
Bu ulgamda amala aşyrylýan iri möçberli işleriň ýurdumyzy özüniň elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge hem-de ony goňşy ýurtlara – Owganystan Yslam Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna ibermäge mümkinçilik berýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen howa elektrik geçiriji ulgamy hem-de güýjenmesi 500 kilowolt bolan kiçi stansiýa guruldy.
Bulardan başga-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbi tutuldy. Bu taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda maglumat alyş-çalşygynyň has-da işjeň ýagdaýa getirilmegine şert döreder.
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ
UGRUNDA POLAT ÝOLLAR
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry düýe kerwenleri bilen geçilen bolsa, häzirki wagtda bu ýollar ulagly, demir ýollary hem-de uçarly menziller arkaly aşylýar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkara derejesinde polat ýollaryň gurluşygyna giň gerim berildi. Beýik Ýüpek ýoly polat ýollar arkaly täzeden dikeldilýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen demir ýol gurluşykçylary Mary welaýatynyň serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça uly taslamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama badalga beripdi hem-de Owganystany Türkmenistanyň, onuň üsti bilen tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna goşmaga uly mümkinçilikleri açýan demir ýoluň gurluşygynyň başlanmagyna ak pata beripdi. Şondan soň, geçen gysga döwürde Türkmenistanyň öz hasabyna hem-de öz güýji bilen Serhetabat–Turgundy täze demir ýoly gurlup, ulanmaga berildi.
Multimodal düzümi döretmäge gönükdirilen iri möçberli ulag taslamalarynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz döwletimiziň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we tehnologiki taýdan ösmeginiň, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biridigini belleýär. Şu maksatdan ugur alyp, bu ugurda köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly ulanmaga berlipdi. Häzir bu polat ýoly işjeň peýdalanylýar. Geçen ýylyň ahyrynda we şu ýylyň başlarynda bu demir ýoluň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp, Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran ugry boýunça konteýner ýük düzümi geçdi. Bu gatnawlar Hytaýdan Pars aýlagynyň bazarlaryna ýükleri çalt gatnatmakda has amatly logistiki çözgüt bolup durýar.
Täze gurlan Serhetabat–Turgundy demir ýoly hem şeýle maksatlara hyzmat eder. Bu demir ýol ugry Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berer, bu ýurtda kiçi we orta işewürligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy döwletleriň bazarlaryna çykarylmagy üçin mümkinçilikleri açar.
Demir ýollar we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazar deňzinde Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menzili bilen birleşdirýär. Ondan aňry geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra bolsa, Tbilisiniň üsti bilen Ankara we ondan aňryk Stambula çenli dowam eder.
Şeýlelikde, biziň döwletimiz asyryň iri energetika we ulag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge öz saldamly goşandyny goşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz gezeginde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar.