Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugur boýunça bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge hem-de täzelerini gurmaga gönükdirilen milli Maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamy sebitara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň, ýokary tizlikli ulag ýollarynyň, döwrebap howa menzilleriniň we beýleki düzümleýin desgalaryň örän uly ähmiýeti bardyr.
Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoly netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk nusgasyna öwrülýär. Ýurdumyzyň dolulygyna öz hasabyna amala aşyran Serhetabat–Turgundy demir ýolunyň açylmagy şu ýylyň esasy wakalarynyň biri bolup, taryha girdi.
Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz porty ulag ulgamynda uly geljegi açar. Bu portuň ulanylmaga berilmegi Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarar. Ol Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliligini ýokarlandyrmaga täsir eder. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender Abbas portuna ýa-da Baku şäherine, şol ýerden bolsa, Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik dörär.
Demirgazyk–Günorta transmilli demir ýolunyň esasy böleginiň, Amyderýanyň üstünden çekilen nobatdaky döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleriniň, “Kerki–Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) demir ýolunyň – Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ýurdumyzda ýerleşmegi Türkmenistanyň logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň örän uludygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Owganystandaky syýasy-ykdysady ýagdaýy diňe parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrmagyň mümkindigini her bir çykyşynda belleýär. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabada sapary mahalynda geçirilen gepleşiklerde hormatly Prezidentimiz “Owgan halkyna ýaraşyga gelmek we ylalaşyk gazanmak üçin hakyky ýardam bermek zerurdyr. Oňa diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly ýetip bolar. Bu meseläniň başgaça çözgüdi ýokdur” diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiziň Owganystana ykdysady kömek bermek boýunça köptaraplaýyn başlangyçlary Owganystana anyk durmuş-ykdysady maksatly taslamalar arkaly kömek bermekde hem-de muňa halkara bileleşiginiň beýleki agzalaryny hem işjeň goşulmaga çagyrmakda öz beýanyny tapýar. “Biz Owganystany parahat we gülläp ösýän ýurt, sebitiň ähli döwletleriniň hoşniýetli goňşusy we hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýäris” diýip, nygtaýan milli Liderimiz munuň üçin anyk işler bilen Owganystana ýardam bermäge hemmeleri çagyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyz şu ýörelgelere daýanmak bilen, owgan tarapynyň gatnaşmagynda birnäçe iri durmuş-ykdysady taslamalary öňe sürýär we olary yzygiderli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň, Owganystana we onuň üsti bilen üçünji ýurda elektrik geçirijiler ulgamynyň gurluşyklary bar.
Biziň ýurdumyz özüniň ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek we TRASEKA geçelgesi boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategik taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Ýurdumyzyň TRASEKA-nyň taslamalaryna gatnaşmagy sebitiň möhüm ulag merkezi derejesini pugtalandyrmaga täsir eder. Bu Beýik Ýüpek ýoluny iň täze ulag tehnologiýalary ornaşdyrylan görnüşde dikeltmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, bu ýerde iri logistiki merkezleri döretmäge ýardam eder.
Geçen ýylyň ahyrynda RECCA-nyň Aşgabatda geçen VII forumynda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça ylalaşyk) gol çekildi. Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça, 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly ýokary derejeli halkara maslahatyň barşynda Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa ulag geçelgesini döretmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi. Şol maslahatda hormatly Prezidentimiz Türkiýä çykmak arkaly Merkezi Aziýa üçin Modal ýoly döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy öňe sürüpdi. RECCA-nyň Aşgabat forumynda gazanylan ylalaşyk bu taslamany anyk durmuşa geçirmäge badalga berdi. Owganystanyň Merkezi Aziýa sebitiniň üsti bilen, onuň Hazarýaka we Kawkaz, Ýakyn Gündogar, Ýewropa sebitlerine çykalga edinmäge mümkinçiligi bar. Deňze çykalgasy bolmadyk Owganystan üçin bu bäştaraplaýyn halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti örän uly bolar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurulýan bu ýollar halklaryň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň hatyrasyna asyrlar boýy hyzmat etsin, ak ýollarda ak arzuwlar hasyl bolsun!
Enegül ANNAGURBANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.