Angliýanyň Liga Kubogynda çärýek final duşuşyklary geçirildi. London derbisinde “Arsenal” öz meýdançasynda “Kristal Palasy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar Matetanyň 4-nji minutdaky goly bilen öňe saýlansa-da, topçular Gabriel Žesusyň het-trigi esasynda ýeňşini baýram etdi. Braziliýaly hüjümçi 54-nji, 73-nji we 81-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy. Oýnuň 84-nji minutynda “Arsenalyň” öňki oýunçysy Nketianyň goly “Kristal Palasa” ýeňiş üçin ýetmedi.
“Nýukasl” topary-da öz meýdançasynda “Brentfordy” Tonaliniň (9, 43) hem-de Şeriň (69) gollary bilen 3-1 hasabynda utdy. “Brentford” toparynyň ýeke-täk goluny 90+1-nji minutda Wissa geçirdi.
“Southempton” bilen “Liwerpulyň” arasyndaky oýun 2-1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Duşuşykda “Liwerpulyň” adyndan Darwin Nunýes (24) bilen Harwi Elliot (32), ýer eýelerindenem Arçer (59) tapawutlandy.
EFL Kubogynda soňky ýarym finalçy şu gün belli bolup, “Tottenham” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” bilen bu ugurda güýç synanyşar.