Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy fewralda bolup geçen giňişleýin mejlisinde garalan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda ýurdumyzyň energetika strategiýasyny hem görkezdi. Milli Liderimiz 23-nji fewralda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyna aýratyn ünsi çekdi.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi energetika pudagynyň durnukly bolmagyna baglydyr. Bu pudakda döwletara işlerde täsirli, halkara hukugynyň ýörelgeleri esasynda berkidilen usullar möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty hakyndaky” Rezolýusiýa bu ugurda uly ähmiýetli resminamadyr.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolup durýan ýurtlaryň biri bolmak bilen, ekologiýa taýdan has arassa tebigy gazy ygtybarly iberýän ýurt hökmünde dünýä derejesindäki ornuny ynamly pugtalandyrýar. Berkarar döwletimiz energetika babatda özüniň uly mümkinçiliklerinden milli bähbitler üçin ulanylmagyna gyzyklanma bildirmek bilen, ony Ýer ýüzündäki halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy durnuklylygyň pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna ulanmaga taýýardyr. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ösüşdir özgertmeleri bu ugurda täze mümkinçilikleriň açylmagyna badalga berýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde elektrik energetikasy pudagynyň tutýan orny uludyr. Türkmenistanyň senagatyny batly depginler bilen ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport babatdaky kuwwatyny sazlaşykly ösdürmek we artdyrmak boýunça bellenilen maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika hem möhüm ähmiýet berilýär. 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013–2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň” kabul edilmegi pudagyň taryhynda hil taýdan öwrülişikli döwrüň başlanandygyndan habar berýär. Agzalan konsepsiýa laýyklykda, 2013–2020-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň 14-sini gurmak göz öňünde tutulýar.
Ýurduň dürli sebitlerinde kuwwatly elektrik beketleriniň gurulmagy netijesinde, elektroenergetika pudagynyň kuwwaty birnäçe esse ýokarlandy, bu bolsa, 2018-nji ýylda diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly we bökdençsiz üpjün etmäge däl, eýsem, ony eksport etmäge hem mümkinçilik berýär. Ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle hem şu günki günde elektrik beketleri üçin ýangyjyň iň bir netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşi bolan tebigy gazyň ägirt uly möçberdäki ätiýaçlyklary pudagyň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär. Mary DES-niň çäginde badalga berlen, kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan, ýurtda birinji utgaşdyrylan bug-gaz elektrik bekedini gurmak boýunça taslama hem elektroenergetika pudagynyň amatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Bir ýylda 12,6 milliard kWt/s elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen beket täze nesle degişli inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalara degişlidir. Bu ýerde elektrik toguny öndürmek üçin ýangyç hökmünde diňe tebigy gaz däl-de, eýsem, bug hem peýdalanylar. Onda 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalary oturdylar. Şonuň netijesinde, elektrik bekediniň peýdaly täsir koeffisienti bir ýarym esseden gowrak ýokarlanýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer energetika syýasatynyň esasynda içerki sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylykly ýaşaýşyň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň hatyrasyna türkmen energiýa serişdelerini dünýä halklaryna hem elýeterli etmek maksady durandyr. Bu asylly maksady durmuşa geçirmek üçin Arkadag Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndüriji kuwwatlyklaryň ýeterlik möçberi döredildi. Häzirki döwürde ýurdumyz Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we beýleki goňşy döwletlere elektroenergiýany eksport etmek boýunça ägirt uly kuwwatlyklara eýedir.
Elektroenergiýanyň Owganystana ugradylýan mukdaryny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Indi çärýek asyrdan gowrak wagt bäri türkmen elektrik energiýasy Owganystana elýeter bahadan ygtybarly iberilip gelinýär. Häzirki wagtda bu ugurda işler Ymamnazar–Andhoý we Serhetabat–Hyrat–Turgundy ýaly iki ugur boýunça alnyp barylýar. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisi bilen ugurdaş ýokary woltly howa elektrik geçirijisini gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen energiýa serişdelerini alysdaky ýurtlara hem ibermäge, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna ýardam berer.
Häzirki wagtda Ymamnazar–Andhoý hem-de Serhetabat–Hyrat–Turgundy elektrik geçirijileri arkaly türkmen elektrik energiýasy owgan sarp edijilerine ýetirilýär. Owganystanyň Prezidenti jenap Mohammed Aşraf Ganiniň 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Aşgabada resmi sapary mahalynda geljekde Owganystanyň Bathyz we Jowuzjan welaýatlaryna hem türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Geljekde Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak göz öňünde tutulyp, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan täze energiýa kuwwatlyklary birikdirmek netijesinde, goşmaça mümkinçilikler dörediler.
Orazly ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynyň mugallymy.