Mäh­ri­ban ildeş­ler! Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy Si­zi ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­laýar. Si­ziň baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny asu­da hem bag­ty­ýar­lyk­da ge­çir­me­gi­ňi­z üçin Tä­ze ýyl da­ba­ra­sy­nyň be­ze­gi bo­lan ar­ça­lar be­ze­len­de ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň dürs ber­jaý edi­li­şi­ni, baý­ram­çy­lyk gün­le­ri elekt­rik hem gaz en­jam­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy, ar­ça­nyň otur­dy­lan ýe­rin­de fe­ýer­werk­le­ri, ben­gal ot­la­ry ýak­ma­gyň, part­laý­jy ji­sim­le­ri ulan­ma­gyň howp­lu­dy­gy­ny ýat­lad­ýar.
Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek ýer­le­rin­de eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan çä­rä­niň ge­çi­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek üçin jo­gap­kär no­bat­çy­lar bel­le­nip, olar çä­re baş­la­maz­dan öň äh­li otag­la­ry, äti­ýaç­lyk­da­ky çy­kal­ga­la­ry bar­lap, ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk­ly­gy­na, otag­la­ryň il­kin­ji ýan­gyn sön­dü­riş en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len­di­gi­ne göz ýe­tir­me­li. Da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ril­me­gi üçin iki­den az bol­ma­dyk ha­las ediş çy­kal­ga­sy bi­len üp­jün edi­len jaý­la­ry ulan­ma­ga rug­sat ber­me­li. Da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän wag­tyn­da jaý­la­ryň äti­ýaç­lyk çy­kal­ga ga­py­la­ry­nyň aň­sat­lyk bi­len açyl­ma­gy­ny üp­jün et­me­li. Be­lent ruh, bag­ty­ýar ýyl­gy­ryş, naz-nyg­mat­dan do­ly des­ter­han, ýagşy ar­zuw-umyt­lar bi­len ga­dam bas­jak Tä­ze ýy­ly­ňyz asu­da, aba­dan, düşümli bol­sun, eziz il­deş­ler!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy.